4. Kassanyň barlanyşy we kassa düzgün-nyzamyna gözegçilik edilişi

  • Kärhananyň ýolbaşçysynyň bellän möhletlerinde, ýöne aýda azyndan bir gezek, şeýle hem kassirler çalşylan ýagdaýynda, kassada bar bolan ähli pullary dolulygyna ýeke-ýekeden sanamak bilen, kassanyň duýdansyz barlagy geçirilýär. Kassadaky nagt puluň galyndysy kassa kitaby boýunça hasabyň maglumatlary bilen deňeşdirilýär. Kassanyň barlagyny geçirmek üçin kärhananyň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen iş topary bellenilýär, ol şu Tertibiň 2-nji goşundysynda bellenilen görnüş boýunça delilnama düzýär. Barlagyň dowamynda kassadaky gymmatlyklaryň ýetmezçiligi ýa-da artykmaçlygy ýüze çyksa, olaryň möçberleri hem-de ýüze çykmagynyň sebäpleri delilnamada görkezilýär.
  • Ýokary duran guramalar (olaryň bar bolan ýagdaýynda) tabynlygyndaky kärhanalarda resminamalaýyn barlaglar wagtynda kassany derňeýärler we kassa düzgün-nyzamynyň berjaý edilişini barlaýarlar. Şunda, nagt pullaryň goraglylygynyň üpjün edilişiniň we maksatlaýyn ulanylyşynyň, pul girdejileriniň bank edaralarynyň kassalaryna özwagtynda we doly tabşyrylyşynyň meselelerine aýratyn üns berilmelidir.
  • Şu Tertibiň berjaý edilişi üçin jogapkärçilik kärhanalaryň ýolbaşçylaryna, baş buhgalterlerine, kassirlerine ýüklenilýär.
  • Kassa düzgün-nyzamynyň bozulmagyna günäkär adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
  • Türkmenistanyň Merkezi banky öz edaralarynyň ulgamy, şeýle hem täjirçilik banklary arkaly kärhanalar tarapyndan kassa amallaryny alyp barmagyň şu Tertibiniň berjaý edilişini ýylda azyndan 1-2 gezek barlaýar. Şu Tertibiň býujet guramalarynda berjaý edilişiniň barlagy degişli maliýe edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Kärhanalaryň şu Tertibi berjaý edişiniň Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň edaralary tarapyndan barlanylmagy onuň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
  • Kassa düzgün-nyzamynyň barlaglary wagtynda ýüze çykarylan ýetmezçilikler, şeýle hem kassa düzgün-nyzamynyň bozulmagyna ýardam berýän şertler we sebäpler hökmany tertipde kärhanalar tarapyndan düzedilmäge degişlidir.
  • Banklar her aý, hasabat aýynyň soňundan gelýän aýyň 15-inden gijä goýman, kärhanalar tarapyndan şu Tertibiň berjaý edilişine geçirilen barlaglar hakynda 3-nji goşundydaky görnüş boýunça hasabaty Türkmenistanyň Merkezi bankyna tabşyrýarlar.
  • Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň edaralary kassalaryň we kassa nokatlarynyň tehniki ýagdaýyny, pullaryň we gymmatlyklaryň goraglylygynyň üpjün edilişini öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde barlaýarlar.