3-nji bölüm. Bank hasabynyň açylyşy

3.1. Bank hasabyny açmak üçin zerur bolan resmi namalar

3.1.1. Bank hasabyny açmak üçin şu resmi namalar zerur bolup durýar:

а) hasaby açmak üçin bellenen görnüşdäki arza (№№ 1, 2 goşundylar).  
b) döwlet hasaba alnyşy we salgyt hasabyna goýulandygy hakyndaky resmi namalaryň asyl we göçürme nusgalary. Bu resmi namalar täzelenende, müşderi täzelenen resmi namalaryň asyl we göçürme nusgalaryny tabşyrýar. Resmi namalaryň göçürme nusgalary bankda galýar we müşderiniň hukuk işine ýerleşdirilýär. 
Bankyň baş buhgalteri (onuň orunbasary) döwlet hasaba alnyşy hakynda resmi namanyň asyl nusgasynda hasabyň açylan senesini, hasabyň belgisini görkezmek bilen, bank hasabynyň açylandygy hakynda bellik edýär we ýazgyny öz goly hem-de bankyň möhüri bilen berkidýär, soňra ony müşderä gaýtaryp berýär; 
ç) müşderiniň esaslandyryş resmi namalarynyň (tertipnama/düzgünnama we esaslandyryş şertnamasy) asyl we göçürme nusgalary. Olaryň düzümine üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilen ýagdaýynda, görkezilen üýtgetmeleri we goşmaçalary tassyklaýan resmi namalaryň göçürme nusgalary banka tabşyrylýar.
Ýer eýeleri we ýerden peýdalanyjylar ýere eýelik etmek (ýeri ulanmak) üçin resmi namalaryň hakykylygy bellenilen tertipde tassyklanylan göçürme nusgalaryny banka tabşyrýarlar; 
d) gollaryň nusgalary we möhüriň yzy goýulan kartoçka (№3 goşundy); 
e) Türkmenistana diplomatik wekilçiligiň ýolbaşçysynyň ýa-da ony çalyşýan şahsyň we halkara guramanyň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň çäklerinde ygtyýarlandyrylandygyny tassyklaýan resmi namanyň göçürme nusgasy.

3.1.2. Kärhanalaryň guramaçylyk-hukuk görnüşleriniň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, hasaplaryň görnüşleri boýunça resmi namalaryň Sanawy dolulygyna şu Düzgünnamanyň № 4 goşundysynda berlen.

3.1.3. Daşary ýurt pulundaky bank hasabyny açmak üçin, goşmaça daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň göçürmesiniň nusgasyny bermek bilen, esasy işine hyzmat etmek boýunça manatdaky hasabyň açylyşyndaky ýaly resmi namalar banka tabşyrylýar.

Esasy işine hyzmat etmek boýunça manatdaky hasabyň açylan ýeri bolan bank edarasynda daşary ýurt pulundaky bank hasaby açylan ýagdaýynda, döwlet hasaba alnyşy, salgyt hasabyna goýulandygy hakyndaky we esaslandyryş resmi namalarynyň nusgalary tabşyrylmaýar, ýöne, görkezilen resmi namalaryň müşderiniň hukuk işinde bardygy hakynda ýazmaça görkezilýär.

3.1.4. Bankyň baş buhgalteri müşderiniň döwlet hasaba alnyşy hakynda resmi namanyň (EGTÝDS-den göçürmäniň) asyl nusgasynda hasabyň belgisini görkezmek bilen, daşary ýurt pulundaky hasabyň açylandygy barada bellik edýär we ýazgyny tugraly möhür bilen tassyklaýar.

3.1.5. Daşary ýurt pulundaky bank hasaplary hasabyň eýesiniň arzasynda görkezilen bir ýa-da birnäçe daşary ýurt pulunda açylýar, olaryň tertip belgisi bir meňzeş we pul birlikleriniň şertli belgileri dürli bolýar.

3.2. Bank hasabynyň açylyşyny resmileşdiriş amaly

3.2.1. Hasabyň açylmagy we hyzmat edilmegi üçin, müşderi bank bilen hasaplaşyk-kassa hyzmatyna şertnamany baglaşýar. Şertnama ýazmaça görnüşde baglaşylýar. Şertnamada aşakdaky şertler hökman bolmalydyr:

- gatnaşýan taraplar;
- näme baradadygy; 
- bankyň hyzmatlaryna tölegiň möçberi we tertibi;
- hyzmat etmegiň şertleri;
- taraplaryň hukuklary we borçlary;
- taraplaryň jogapkärçiligi;
- jedellere garamagyň tertibi;
- şertnamanyň hereket edýän möhleti, ony üýtgetmegiň we ýatyrmagyň tertibi;
- taraplaryň hukuk salgylary we maglumatlary. 
Taraplaryň razyçylygy bilen şertnama goşmaça şertler hem girizilip bilner. 

3.2.2. Gollaryň nusgalary we möhüriň yzy goýulan kartoçkany (mundan beýläk – kartoçka) resmileşdirmegiň tertibi:

а) kartoçkada esaslandyryş resmi namalaryna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, hasaby dolandyrmaga we töleg hem-de beýleki hasaplaşyk resmi namalarynda gol çekmäge hukugy bolan şahslar gol çekýärler. 
Elektron resmi namalary ulanmak arkaly hasaplaşyklar geçirilende, gollary barlamagyň açyk açary goýulyp, müşderiniň gollary we möhüri bilen tassyklanylan kartoçka tabşyrylýar. 
Birinji gol hukugy müşderiniň ýolbaşçysyna, şeýle hem ýolbaşçynyň ygtyýarlandyran wezipeli şahslaryna degişlidir. Ikinji gol hukugy baş buhgaltere we ygtyýarlandyrylan wezipeli şahslara degişlidir. Kartoçkada birinji gol hukugy, şeýle hem ikinji gol hukugy bolan birnäçe şahslaryň gol nusgalary berlip bilner;
Wezipe sanawynda baş buhgalteriň ýa-da baş buhgalteriň wezipesini ýerine ýetirýän başga bir şahsyň göz öňünde tutulmadyk ýagdaýynda, kartoçkanyň ikinji gol goýulmagy göz öňünde tutulan meýdançasynda «göz öňünde tutulmadyk» diýen bellik edilýär. Bu tertip hususy telekeçi üçin hem ulanylýar.
b) alnan möhüriň yzy hökmany tertipde kartoçka goýulýar. Ýörite maksatlar üçin niýetlenilen möhürleriň ulanylmagy (mysal üçin, «bukjalar üçin», «rugsatnamalar üçin» we ş.m.) gadagandyr. 
Täze esaslandyrylan edara görnüşindäki tarapda, şeýle hem üýtgedip guralmagy, adynyň we degişliliginiň üýtgemegi, möhüriniň könelmegi ýa-da ýitirilmegi bilen baglylykda, möhüriň wagtlaýyn bolmadyk ýagdaýynda, müşderiniň ýazmaça arzasy esasynda, müşderiniň üç aýyň çäklerinde hasap boýunça amallary geçirmegine bankyň ýolbaşçysy tarapyndan rugsat berilýär. Şol bir wagtda-da möhüriň bolmadyk döwründe hasaplaşyk töleg resmi namalaryny resmileşdirmegiň tertibi kesgitlenilýär. Şu ýagdaýlarda bankyň degişli ygtyýarlandyrylan işgäri kartoçka bellik edýär;
ç) hasap açmak üçin müşderiniň tabşyrýan kartoçkasynyň zerur bolan nusgalarynyň sany bank tarapyndan kesgitlenýär. Şunda kartoçkanyň nusgalary bankyň içerki kadalary bilen kesgitlenilen tertipde saklanýar; 
d) kartoçkadaky gollaryň hakykylygy ýokary duran gurama ýa-da döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan bolmalydyr;
e) kartoçkadaky gollar döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan ýagdaýynda, güwä geçiji ýazgyda wezipeli şahslaryň gollarynyň hakykylygynyň tassyknamasy bolmalydyr;
ä) kartoçkada azyndan bir goluň çalşylan ýa-da goşulan ýagdaýynda birinji we ikinji gol hukugy bolan şahslaryň ählisi üçin täze kartoçka tabşyrylýar. 
f) aşakdaky ýagdaýlarda kartoçkadaky gollary tassyklamagyň aýratynlyklary şulardyr: 
- ýolbaşçynyň ýa-da baş buhgalteriň borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji bellenilende, ýokary duran guramasy tarapyndan ýa-da döwlet kepillendiriş edaralary tarapyndan tassyklanylan golly täze wagtlaýyn kartoçka (kartoçkada möhletini görkezmek bilen, «Wagtlaýyn» diýen bellik goýulýar), diňe ýolbaşçynyň ýa-da baş buhgalteriň borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji şahsyň goly bilen tabşyrylýar;
- birinji ýa-da ikinji gol hukugynyň wagtlaýyn başga birine berlen ýagdaýynda, şeýle-de ýolbaşçynyň ygtyýarlandyrylan şahslarynyň biri wagtlaýyn çalşylanda, degişlilikde, täze kartoçka resmileşdirilmeýär, wagtlaýyn ygtyýarlandyrylan şahsyň hakykylygy ýokary duran gurama tarapyndan ýa-da döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan goly goýulan kartoçka hereket ediş möhletini görkezmek bilen (ýöne üç aýdan köp bolmadyk) tabşyrylýar;
- ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we ýerine ýetiriji häkimýet edaralarynyň adyna açylan hasaplar boýunça kartoçkadaky gollar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanyp bilner;
- bankyň adyna açylan hasap boýunça kartoçkadaky gollar döwlet kepillendiriş edaralary tarapyndan ýa-da Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan tassyklanylmalydyr;
- ilçihananyň (wekilçiligiň) adyna açylan hasap boýunça kartoçkadaky gollar Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde tassyklanylmalydyr;
- rezident däl tarapyň hasaby boýunça kartoçkadaky gollar Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde kanunylaşdyrylýar;
- dini guramalaryň hasaplary boýunça kartoçkadaky gollar döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanylmalydyr;
- Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň kärhanalarynyň, edaralarynyň, guramalarynyň hasaplary boýunça gol nusgalary, bellenilen görnüşdäki kartoçkada kärhananyň, edaranyň ýa-da guramanyň ýolbaşçysynyň (başlygynyň) golunyň birinji gol we maliýe bölüminiň müdiriniň (baş ýa-da uly buhgalteriň) gollaryny – ikinji gol hökmünde goýlup tabşyrylýar. Kartoçka hasap açylýan kärhananyň, edaranyň ýa-da guramanyň tugraly möhüriniň yzy goşulýar. Tugraly möhüriň yzy şol bir wagtda müşderiniň ygtyýarlandyrylan şahslarynyň gollarynyň hakykylygynyň tassyknamasy bolup durýar.
g) öz esaslandyran birlikleriniň gol nusgalaryny we möhüriniň yzyny tassyklamaga esaslandyryjynyň (esaslandyryjylaryň) hukugy ýokdyr.

3.2.3. Şu aşakdakylar üçin esaslandyrylyşy hakyndaky resmi namalaryň we Tertipnamalarynyň (Düzgünnamalarynyň) tabşyrylmagy talap edilmeýär:

- Türkmenistanyň Mejlisiniň sekretariatyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň diwanyna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň diwanyna we häkimliklere;
- Türkmenistanyň Hökümetiniň kabul eden çözgütleri esasynda esaslandyrylyp, tertipnamasy (düzgünnamasy) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen tassyklanylan we çaphana usulynda taýynlanan kärhanalara; 
- býujetden maliýeleşdirilýän edaralara we guramalara;
- sport mekdeplerine, sagaldyş-sport, sagaldyş we beýleki lagerlere;
- gastrolda bolýan tomaşa kärhanalaryna;
- kärdeşler arkalaşygy birleşigine (ilkinji guramalaryna);
- edara görnüşindäki tarapy döretmeýän hususy telekeçilere; 
- çap edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerine (redaksiýalara, neşirýatlara);
- kärendeçilere, ýer eýelerine we ýerden peýdalanyjylara.

3.2.4. Dini gurama we jemgyýetçilik birleşigine bank hasaby açylanda, olaryň Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hasaba alnan tertipnamasy tabşyrylýar.