3-nji bap. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maýasy

8-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maýasynyň düzümi
1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maýasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýän esaslyk maýadan, gaznalardan we ätiýaçlyklardan durýar.
2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öz maýasyny aýrybaşgalamaga ýa-da girewine bermäge haky ýokdur.

9-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esaslyk maýasy
1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esaslyk maýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen bellenilýän möçberde döredilýär.
2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esaslyk maýasy kreditorlar tarapyndan tutup almalaryň obýekti (nägilelikleriň närsesi) bolup bilmez.

10-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň sap girdejisi
1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň sap girdejisi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan şu Kanunda bellenilen wezipeleriň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly bank amallaryndan we geleşiklerden gelýän girdejileriň pul möçberi bilen çykdajylaryň (prowiziýalary we beýleki ätiýaçlyklary döretmek üçin çykdajylary goşup) arasyndaky tapawut hökmünde kesgitlenilýär.
2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň sap girdejisi şu Kanunyň 11-nji maddasyna laýyklykda gaznalary we ätiýaçlyklary döretmek (üstüni doldurmak)  üçin,  şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esaslyk maýasyny artdyrmak üçin paýlanylýar.
3. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esaslyk maýasyny artdyrmaga we (ýa-da) gaznalary we ätiýaçlyklary döretmäge (üstüni doldurmaga) sap girdejiden gönükdirilýän serişde geçirmeleriň  möçberi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti tarapyndan kesgitlenilýär.
4. Şu maddanyň üçünji bölegine laýyklykda sap girdeji paýlanylandan soň onuň galýan bölegi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça ulanylýar. 
5. Maliýe ýylynyň ýitgileriniň öwezini dolmak üçin esasy ätiýaçlyk gaznasynyň we  umumy bank töwekgelçiliklerini ýapmak gaznasynyň serişdeleri ýeterlik bolmadyk mahalynda:
a) Türkmenistanyň Hökümetini karzlaşdyrmak we onuň çykdajylaryny maliýeleşdirmek bilen;
b) altynyň, karz bermegiň ýörite hukuklarynyň ýa-da manada görä daşary ýurt pullarynyň hümmetleriniň üýtgemegi netijesinde ýüze çykan ýitgiler bilen, 
baglanşykly Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýitgileri, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän çeşmeleriň hasabyna öwezi dolunýar.

11-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gaznalary we ätiýaçlyklary 
1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gaznalary esasy ätiýaçlyk gaznasyny, umumy bank töwekgelçiliklerini ýapmak gaznasyny we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki gaznalary öz içine alýar.
2. Esasy ätiýaçlyk gaznasy we umumy bank töwekgelçiliklerini ýapmak  gaznasy  Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esaslyk maýasynyň möçberinden az bolmadyk möçberde döredilýär. 
Esasy ätiýaçlyk gaznasy  Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti tarapyndan bellenilen tertipde diňe Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan geçirilýän amallar boýunça ýitgileriň öwez tölegleri we zyýanlaryň öwezini dolmak üçin niýetlenilýär.
3. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ätiýaçlyklary aktiwlere gaýtadan baha bermegiň ätiýaçlyklaryny we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ätiýaçlyklary öz içine alýar.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň aktiwlere gaýtadan baha bermegiň ätiýaçlygynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň aktiwleriniň gymmatynyň üýtgemegi hasaba alynýar. 
4. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Prezidentiniň rugsady bilen beýleki maksatlaýyn gaznalary we ätiýaçlyklary döredip biler.

12-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankyna salgyt salmak
Türkmenistanyň Merkezi bankyna salgyt salmak Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

13-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankyny döwlet paçlaryndan we ýygymlaryndan boşatmak
Türkmenistanyň Merkezi banky döwlet paçlaryny we ýygymlaryny tölemekden boşadylýar, Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda tölemäge degişli bolan ýerli ýygymlaryň görnüşleri muňa girmeýär.