3-nji bap. Karz edarasynyň maýasy

13-nji madda. Karz edarasynyň maýasy
1. Karz edarasynyň esaslyk maýasy onuň esaslandyryjylarynyň (gatnaşyjylarynyň) milli puldaky goýumlarynyň pul möçberinden, olaryň pul serişdelerini, gaýry emlägi (jaýlary, desgalary, enjamlary we ş.m.), pul bilen bahalandyrylýan emläk we gaýry hukuklaryny goýmagy arkaly emele gelýär.
2. Döredilýän karz edaralary üçin esaslyk maýanyň iň az möçberi, bank däl karz edarasy tarapyndan bankyň statusynyň alynmagy üçin hususy serişdeleriniň (maýasynyň) möçberi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýär.
3. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, karz edarasy Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, döwletiň býujetden daşarky gaznalarynyň, grantlaryň, çekilen we karz serişdeleriniň hasabyna esaslyk maýasyny döredip we onuň üstüni  dolduryp bilmeýär.
4. Karz edarasynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaznalary we ätiýaçlyklary döretmäge haky bardyr.