3. Kassa kitabynyň alnyp barlyşy we pullaryň saklanyşy

  • Ähli gelip gowuşýan we berilýän nagt pullar kassa kitabynda hasaba alynýar.
  • Her bir kärhana Türkmenistanyň çäklerinde aýlanyşygy bolan pullar üçin «Türkmenmillihasabat» institutynyň 2000-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 19-ynda № 125 buýruk bilen tassyklan KO-4 görnüş boýunça diňe bir kassa kitabyny ýöretmäge borçlydyr. Kassa kitaby ýüp bilen daňylan, belgilenen we kärhananyň sürgüç ýa-da syýaly möhüri bilen möhürlenen bolmalydyr. Kassa kitabyndaky sahypalaryň sany kärhananyň ýolbaşçysynyň we baş buhgalteriniň gollary bilen tassyklanylýar. Söwdadan we hyzmat etmekden alnan ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çalşylan daşary ýurt pulunyň hasaby aýratyn kassa kitabynda daşary ýurt döwletiň pul birliginde alnyp barylýar.

Kassa kitabyndaky ýazgylar nusga geçiriji kagyzy ulanmak arkaly 2 (iki) nusgada syýa ýa-da şarikli ruçka bilen ýazylýar. Sahypalaryň ikinji nusgalary kesilip alynýan bolmalydyr we ilkibaşky kassa resminamalary bilen birlikde çatylyp, kassiriň hasabaty bolup durýar. Sahypalaryň birinji nusgalary kassa kitabynda galdyrylýar. Sahypalaryň birinji we ikinji nusgalary birmeňzeş belgiler bilen belgilenýär.
Kassa kitabynda bellenilmedik düzedişleri we bozmalary girizmek gadagan edilýär. Girizilen düzedişler kassiriň ýa-da ony çalyşýan adamyň, şeýle hem baş buhgalteriň gollary bilen berkidilýär.

  • Kassa kitabyna ýazgylar pullaryň alynmagyndan ýa-da berilmeginden soň kassir tarapyndan her order ýa-da onuň ýerini tutýan resminama esasynda girizilýär. Her gün, iş gününiň soňunda kassir gün boýunça amallaryň jemini hasaplaýar, kassada indiki güne galýan pullaryň galyndysyny çykarýar. Kesilip alynýan ikinji sahypa (kassa kitabynda gün boýunça ýazgylaryň nusgasy) girdeji we çykdajy kassa orderleri bilen birlikde kassiriň hasabaty hökmünde, kassa kitabynda gol çekdirilip buhgalteriýa tabşyrylýar. Kassa kitabynyň bir sahypasynda birnäçe günün dowamynda berlen we kabul edilen pullaryň ýazylmagyna ýol berilmeýär.
  • Maglumatlaryň goraglylygy we kassa resminamalaryna barmak ygtyýarlygynyň çäklendirilmegi üpjün edilen ýagdaýynda kassiriň ýazmaça razylygy bilen, kärhanalarda kassa kitaby awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barlyp bilner, şunda onuň sahypalary «Kassa kitabyna goýulýan sahypa» maşyn ýazgysy görnüşinde düzülýär. Onuň bilen bir wagtda-da «Kassiriň hasabaty» maşyn ýazgysy düzülýär. Ady agzalan iki maşyn ýazgysy hem indiki iş gününiň başlanmagyna çenli düzülmelidir, birmeňzeş mazmunda bolmalydyr we kassa kitabynyň görnüşinde göz öňünde tutulan ähli maglumatlary özünde jemlemelidir. Şol maşyn ýazgylaryndaky kassa kitabynyň sahypalarynyň belgilenmegi awtomatiki usulda ýylyň başyndan başlap ösýän tertipde amala aşyrylýar

«Kassa kitabyna goýulýan sahypa» maşyn ýazgysynda her aýda iň soňundan kassa kitabynyň sahypalarynyň her aý boýunça umumy sany awtomatiki usulda çap edilmelidir, olar depderlere çatylýar we aýratyn saklanýar. Bu depderler, kagyzdaky kassa kitabyny alyp barmak üçin göz öňünde tutulan ähli talaplary berjaý edilip, ýylyň tamamlanmagy bilen kassa kitabyna birleşdirilýär.
«Kassa kitabyna goýulýan sahypa» we «Kassiriň hasabaty» maşyn ýazgylaryny alandan soň, kassir görkezilen resminamalaryň dogry düzülendigini barlamaga, olara gol çekmäge we kassa kitabynda goýulýan sahypa gol çekdirip, kassiriň hasabatyny girdeji we çykdajy resminamalary bilen birlikde buhgalteriýa tabşyrmaga borçlydyr.
Kassa kitabynyň dogry alnyp barlyşyna gözegçilik etmek kärhananyň baş buhgalterine berkidilýär.

  • Çykdajy kassa orderinde ýa-da onuň ýerini tutýan resminamada alyjynyň goly bilen tassyklanmazdan kassadan puluň berilmegi kassadaky nagt puluň galyndysyna delil hökmünde kabul edilmeýär. Bu möçber ýetmezçilik diýip hasap edilýär we kassirden tutulyp alynýar. Girdeji kassa orderleri bilen tassyklanmadyk nagt pullar kassanyň artykmaçlygy diýip hasap edilýär.
  • Iş güni başlanmazdan öň uly kassir beýleki kassirlere çykdajy amallaryny geçirmek üçin zerur bolan nagt pullary kassirleriň alan we beren pullaryny hasaba alyş kitabynda gol çekişip hakujy berýär.

Iş gününiň soňunda kassirler alan hakujylary we girdeji kassa orderleri boýunça kabul edilen pullar barada uly kassire hasabat bermäge, kassirlere berlen we alnan pullaryň hasaba alyş kitabynda gol çekişip, nagt pullaryň galyndysyny we geçirilen amallar boýunça kassa resminamalaryny uly kassire tabşyrmaga borçlydyrlar. 
Zähmet hakyny we talyp hakyny tölemek üçin alnan hakujylar boýunça kassir olaryň tölenilmegi üçin töleg sanawynda görkezilen möhletde hasabat bermäge borçlydyr. Şol möhlet geçýänçä, kassirler töleg sanawlary boýunça tölenmän galan nagt pullaryň galyndysyny her gün kassa tabşyrmaga borçlydyrlar. Bu pullar kassirler tarapyndan möhürlenen sumkalarda, bukjalarda we gaýry gaplarda, tabşyrylýan möçberini görkezmek bilen, gol çekdirip uly kassire tabşyrylýar. Günüň dowamynda kabul edilen we berlen pul serişdeleri kassir tarapyndan «Türkmenmillihasabat» institutynyň 2000-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 19-ynda № 125 buýrugy bilen tassyklan KO-5 görnüş boýunça «Kassiriň kabul eden we beren pul serişdelerini hasaba alyş kitabynda» görkezilýär.

  • Nagt pullar bilen hasaplaşyklary amala aşyrmak üçin her bir kärhanada kassanyň – nagt pullary kabul etmek, bermek we wagtlaýyn saklamak üçin niýetlenilen, daşy berkidilen we ýörite enjamlaşdyrylan (duýduryş enjamy ýa-da gorag, gapylarda we penjirelerde demir gözenekler, nagt pullary bermek üçin ýörite penjire) jaýyň bolmagy hökmandyr. Kärhanalaryň ýolbaşçylary kassalaryny enjamlaşdyrmaga we pullaryň kassa jaýlarynda, şeýle hem olaryň bankdan getirilen we banka tabşyrylan wagtynda goraglylygyny üpjün etmäge borçlydyrlar. Pul serişdeleriniň saklanylmagynda we daşalmagynda olaryň goraglylygyny üpjün edýän zerur şertler öz günäleri bilen döredilmedik ýagdaýynda ýolbaşçylar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçilik çekýärler. Kärhanalaryň kassalary şeýle hem, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyrylyp bilner.

Kassa amallary geçirilýän wagty kassanyň gapylary iç tarapyndan ýapylan bolmalydyr. Kassanyň jaýyna onuň işine baglanyşygy bolmadyk adamlaryň girmegi gadagan edilýär.

  • Kärhananyň ähli nagt pullary ýanmaýan metal şkaflarda, aýratyn ýagdaýlarda bolsa, kombinirlenen we adaty metal şkaflarda saklanmalydyr, olar kassanyň işi tamamlanandan soň açar bilen ýapylýar we kassiriň sürgüç möhüri bilen möhürlenýär. Metal şkaflaryň açarlary we möhürler kassirlerde saklanylýar, olary kärhananyň beýleki açarlaryny saklamak üçin niýetlenilen ýerlerde goýmak, keseki adamlara bermek ýa-da olaryň hasaba alynmadyk nusgasyny ýasatmak kassirlere gadagan edilýär.

Açarlaryň hasaba alnan nusgalary kassirleriň möhürlän bukjalarynda (haltajykda we ş.m.) kärhananyň ýolbaşçysynda saklanýar. Olar kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan bellenilýän iş topary tarapyndan çärýekde azyndan bir gezek barlanylýar we netijesi delilnama bilen berkidilýär. Açaryň ýitirilendigi mälim bolsa, kärhananyň ýolbaşçysy ýüze çykan ýagdaý barada Türkmenistanyň içeri işler edaralaryna habar berýär we haýal etmän metal şkafyň gulpuny çalyşmak üçin çäre görýär. Daşary ýurt pullary milli manatdaky serişdelerden aýratynlykda saklanmalydyr.
Kassada kärhana degişli bolmadyk nagt pullaryň we gaýry gymmatlyklaryň saklanylmagy gadagandyr.

  • Kassa jaýyny we metal şkaflary açmazyndan öň, kassir gulplaryň, gapylaryň, penjire germewleriniň, möhürleriň we plombalaryň abatlygyny gözden geçirmäge, gorag duýduryş enjamynyň işleýändigini anyklamaga borçlydyr. Möhürler aýrylan ýa-da şikes ýeten, gulplaryň, gapylaryň ýa-da germewleriň döwülen ýagdaýynda, kassir bu barada haýal etmän kärhananyň ýolbaşçysyna habar bermäge borçlydyr, ol öz gezeginde bolup geçen hadysa barada kärhananyň ýerleşýän ýeri boýunça Türkmenistanyň içeri işler edaralaryna habar berýär we olaryň işgärleriniň gelmegine çenli kassany goramak boýunça çäreleri görýär. Bu ýagdaýda, ýolbaşçy, baş buhgalter ýa-da olary çalyşýan adamlar, şeýle hem kärhananyň kassiri Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň rugsady alnandan soň, kassada saklanylýan pul serişdeleriniň we beýleki gymmatlyklaryň ýerinde barlygyny barlaýarlar. Bu barlag kassa amallary başlanmazdan öň geçirilmelidir. Barlagyň netijeleri hakynda azyndan iki nusgada delilnama düzülýär, oňa barlaga gatnaşan adamlaryň ählisi gol çekýärler. Delilnamanyň bir nusgasy Türkmenistanyň içeri işler edaralaryna berilýär, ikinjisi bolsa kärhanada goýulýar, zerur bolanda nusgalaryň sany dörde çenli goşmaça köpeldilýär, biri –  Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna (kassa ätiýaçlandyrylan ýagdaýynda), ýene biri – ýokary duran gurama (onuň bar bolan ýagdaýynda) iberilýär.
  • Kassir öz kabul eden ähli pul serişdeleriniň goraglylygy üçin hem-de bilkastlaýyn hereketi, şonuň ýaly-da öz borçlaryna sowuk-sala ýa-da seresapsyz garamagy netijesinde kärhana ýeten zyýan üçin Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.
  • Kassiriň wezipä bellenilýändigi barada buýruk (çözgüt, karar) çykarylandan soň, kärhananyň ýolbaşçysy ony gol çekdirip şu Tertip bilen tanyşdyrmaga borçlydyr, soňra kassir bilen doly maddy jogapkärçilik hakynda şertnama baglaşylýar. Şunda, şertnama şu aşakdaky şertler hökman girizilmelidir:

- kärhananyň doly ady;
- hususy salgyt belgisi;
- kärhananyň ýolbaşçysynyň familiýasy, ady, atasynyň ady;
- kassa işgäriniň doly maglumatlary (pasport maglumatlary, ýaşaýan ýeri);
- taraplaryň (kärhananyň we kassiriň) borçlary;
- kassiriň jogapkärçiligi;
- şertnamanyň güýje girýän senesi.
Taraplaryň razyçylygy bilen şertnama goşmaça şertler hem girizilip biler.

  • Kassire, onuň özüne ynanylan işi ýerine ýetirmegi başga birine ynanmagy gadagandyr.
  • Bir kassiri bolan kärhanalarda ony wagtlaýyn çalyşmak zerur bolan ýagdaýynda kassiriň wezipelerini ýerine ýetirmeklik kärhananyň ýolbaşçysynyň ýazmaça buýrugy (çözgüdi, karary) esasynda başga bir işgäre berkidilýär. Şol işgär bilen doly maddy jogapkärçilik hakynda şertnama baglaşylýar. Kassir işini duýdansyz goýup giden (ýarawsyzlygy we ş.m. sebäpli) ýagdaýynda, kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan iş topary döredilýär. Kassiriň jogapkärçiligindäki pul serişdeleri olary kabul edip alýan kassir tarapyndan kärhananyň ýolbaşçysynyň we baş buhgalteriniň ýa-da kärhananyň ýolbaşçysynyň bellän adamlaryndan düzülen toparyň gatnaşmagynda haýal edilmän gaýtadan sanalýar. Gaýtadan sanamagyň netijeleri we gymmatlyklaryň geçirilmegi hakynda görkezilen adamlaryň gollary bilen berkidilýän delilnama düzülýär. Delilnama üç nusgada düzülýär, olaryň biri - kesellän kassire, ikinjisi - pul serişdeleri tabşyrlan kassire we üçünjisi - kärhananyň ýolbaşçysyna berilýär.
  • Köp sanly düzüm birlikleri bolan ýa-da merkezleşdirilen buhgalteriýada hyzmat edilýän kärhanalarda, zähmet hakyny, durmuş ätiýaçlandyrmasy boýunça kömek puluny, talyp hakyny tölemeklik kärhananyň ýolbaşçysynyň ýazmaça buýrugy (çözgüdi, karary) boýunça kassirden başga adamlar tarapyndan amala aşyrylyp bilner, olar bilen doly maddy jogapkärçilik hakynda şertnama baglaşylýar we olara şu Tertip bilen kassirler üçin bellenilen ähli hukuklar we borçlar degişlidir. Şeýle adamlar tarapyndan nagt pul serişdeleriniň berilmegi we kabul edilmegi kassa jaýlarynda amala aşyrylýar.

Işgärleriň sanawynda kassir wezipesi göz öňünde tutulan ýerlerinde, kärhananyň ýolbaşçysy, buhgalterleri we kassa resminamalarynda gol çekmek hukugy bolan beýleki adamlar kassiriň wezipesini ýerine ýetirip bilmeýärler. Işgärler sanawynda kassir wezipesi bolmadyk kärhanalarda kärhananyň ýolbaşçysynyň ýazmaça görkezmesi bilen kassiriň wezipesi başga işgär tarapyndan ýerine ýetirilip bilner.