2-nji bölüm. Bank hasaplarynyň görnüşleri

2.1. Bank hasaplary aşakdaky görnüşlere bölünýär:

- hasaplaşyk hasaby (kömekçi hasaby);
- manatdaky gündelik hasap;
- daşary ýurt pulundaky gündelik hasap;
- býujet hasaby;
- depozit (goýum) hasaby; 
- ýörite hasap; 
- wagtlaýyn hasap;
- manatdaky aragatnaşyk hasaby (kömekçi hasaby);
- daşary ýurt pulundaky aragatnaşyk hasaby (kömekçi hasaby). 

2.2. Hasaplaşyk hasaby özbaşdak balansy bolan ýa-da beýannama düzýän we peýda almak maksady bilen iş geçirýän, edara görnüşindäki tarap ýa-da edara görnüşindäki tarapy döretmeýän hususy telekeçi bolup durýan müşderä açylýar. 

Öz işini edara görnüşindäki tarapy döretmezden amala aşyrýan hususy telekeçä, bank hasaby onuň öz adyna açylýar we bu hasaba başga adamlaryň eýelik etmegi gadagandyr. 

2.3. Müşderiniň bolýan ýeriniň daşynda ýerleşýän we edara görnüşindäki tarap bolup durmaýan şahamçasyna hem-de wekilçiligine, baş edarasynyň ýüz tutmasy boýunça, birligiň hukuk salgysyna görä hasaplaşyk kömekçi hasaby açylyp bilner.

Ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň edara görnüşindäki tarapyň hukugy berlip esaslandyrylan düzüm birligine, käbir maliýe-hojalyk wezipeleriniň merkezleşdirilmegi şertlerinde, hasaplaşyk kömekçi hasaby açylyp bilner.
Hasaplaşyk kömekçi hasaby baş edara tarapyndan jikme-jik hasaba alnyşy alyp barmak maksady bilen açylýar we esasy hasaplaşyk hasabyndan aýratynlykda seredilip bilinmez.
Hasaplaşyk kömekçi hasaby nagt girdejileri jemlemek we görkezilen düzüm birligiň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, onuň tölegleri boýunça nagt däl hasaplaşyklary geçirmek üçin niýetlenilýär.
Hasaplaşyk kömekçi hasaby müşderiniň hasaplaşyk hasaby açylan bank tarapyndan berlip, onuň ýolbaşçysy we baş buhgalteri tarapyndan gol çekilen hem-de bankyň möhüriniň yzy bilen berkidilen ýazmaça rugsady esasynda açylýar. Rugsat hatynda, müşderiniň ýüz tutmasy esasynda, hasaplaşyk kömekçi hasaby boýunça toplanan serişdeleriň baş edarasynyň hasaplaşyk hasabyna geçirilmeli möhletlerini hökmany tertipde görkezmek bilen, hasaplaşyk kömekçi hasaby boýunça amallaryň sanawy berilýär. Müşderiniň ýüz tutmasy we hasaplaşyk kömekçi hasaby açmaklyga bankyň rugsat hatynyň nusgasy müşderiniň esasy işine hyzmat etmek boýunça hukuk işinde saklanylýar.

2.4. Manatdaky gündelik hasap aşakdaky alamatlary bolan müşderä açylýar:

  • täjirçilik işi bilen meşgullanmaýan edara görnüşindäki tarapa;
  • býujet sarp edijisi bolana ýa-da döwlet býujetinden maliýeleşdirilýäne;
  • jemgyýetçilik gaznalarynyň hemişelik ygtyýarlandyrylany bolana;
  • jemgyýetçilik birleşigine ýa-da dini gurama bolana;
  • edara görnüşindäki tarapyň bolýan ýeriniň daşynda ýerleşýän we edara görnüşindäki tarap bolup durmaýan şahamçasyna hem-de wekilçiligine.

Gündelik hasap ýokary duran guramasyndan ýa-da nagt girdejileri jemlemek üçin hasaplaşyk kömekçi hasabyndan geçirmeler boýunça serişdeleri girdeji etmek hem-de zähmet hakyna we edara ediş-hojalyk çykdajylarynyň tassyklanylan sanawynyň çäklerinde, dolandyryş diwanyny saklamak üçin çykdajy etmäge niýetlenilendir;

  • gastrola gelen tomaşa kärhanasyna.

Gastrola gelen tomaşa kärhanasyna gündelik hasap tomaşa kärhanasynyň hasaplaşyk hasabyna hyzmat edýän bankyň bellän möhletine açylýar. Gastrola gelen tomaşa kärhanasynyň gündelik hasabyna nagt girdejisi hem, eger-de bu barada tomaşa kärhanasynyň esasy işi boýunça hasaba hyzmat edýän bankyň görkezmesinde görkezilen bolsa, girdeji edilip bilner.

2.5. Daşary ýurt pulundaky gündelik hasap şulara açylýar:

- daşary ykdysady işe gatnaşyjy hökmünde hasaba alnan, Türkmenistanyň rezidenti bolan edara görnüşindäki taraplara we hususy telekeçi - şahsy adamlara;
- Türkmenistanyň çäkleriniň daşynda ýerleşip, daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda esaslandyrylan (şol sanda Türkmenistanyň kärhanalarynyň we guramalarynyň gatnaşmagynda) we hereket edýän kärhanalara, guramalara (firmalara);
- Türkmenistanda ýerleşip, diplomatik ýeňilliklerden we goraglylykdan peýdalanýan daşary ýurt diplomatik, söwda we gaýry resmi wekilçiliklere, halkara guramalaryna we olaryň şahamçalaryna;
- gaýry daşary ýurt guramalarynyň we firmalarynyň hojalyk ýa-da gaýry täjirçilik işi amala aşyrmaýan Türkmenistandaky wekilçiliklerine;
- edara görnüşindäki tarapy döretmeýän, rezident bolmadyk hususy telekeçilere. 

2.6. Býujet hasaby Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgyt we beýleki tölegler boýunça girdejileri jemlemek üçin, şeýle hem Döwlet býujetiniň serişdelerini ulanmak boýunça amallary hasaba almak üçin, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň Gazna müdirligine hem-de onuň ýerli bölümlerine açylýar. Býujet hasaby şeýle-de, Geňeşleriň býujetleriniň serişdeleriniň jemlenilmegi we ulanylmagy üçin Geňeşlere açylýar.

2.7. Depozit (goýum) hasaby bank bilen müşderiniň arasynda baglanyşylan depozit (goýum) şertnamasy esasynda, şertnamada görkezilen möhlete, möhletsiz esasda (talap edilýänçä), şeýle hem kesgitli şertler bilen açylyp bilner. Hasaplaryň maksatlaýyn niýetlenilişi bankyň içerki kadalaryna laýyklykda kesgitlenilýär. 

Bankyň içerki syýasatyny kesgitlemeginde, talap edilýänçä goýumlar (depozitler) boýunça hasaplaryň şertnama baglanyşylmazdan açylmagy göz öňünde tutulyp bilner. 

2.8. Ýörite hasap Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, pul serişdelerini anyk maksatlara toplamak, deponirlemek ýa-da saklamak üçin açylýar we täze esaslandyrylýan kärhananyň esaslandyryjylaryň gatançlaryny jemlemek üçin, haýyr-sogap we gaýry maksatlar üçin serişdeleri toplaýjy hasap görnüşinde bolup biler:

a) ýörite (toplaýjy) hasap täze esaslandyrylýan kärhananyň esaslyk maýasyna esaslandyryjylaryň goýumlaryny geçirmek üçin, esaslandyryjylara açylýar. Kärhananyň döwlet hasaba alnyşyndan soňra ýörite hasapdaky serişdeler hasaplaşyk hasabyna geçirilýär.
b) haýyr-sogap maksatlaryna (aýry-aýry adamlaryň daşary ýurtlarda saglygyny dikeltmegi, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki çäreleriň geçirilmegi) serişdeleri toplamak üçin ýörite hasap, serişdeleri toplamagyň zerurlygyny tassyklaýan şu resmi namalar banka tabşyrylan ýagdaýynda açylýar:
- saglygy dikeltmek üçin – Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan berlip, tugraly möhüri bilen tassyklanylan netijenama;
- gurluşyk üçin – degişli gyzyklanýan edaranyň (gaznanyň) ýüz tutmasy we häkimligiň delilnama - rugsatnamasy;
- gaýry haýyr-sogap çäreleriniň geçirilmegi üçin – degişli gyzyklanýan guramanyň (gaznanyň) ýüz tutmasy;
ç) gaýry maksatlar (grantlara, edara görnüşindäki tarapy döretmezden şertnama (geleşik) esasynda amala aşyrylýan, bilelikdäki işiň dürli görnüşlerine hyzmat etmek we beýlekiler) üçin ýörite hasap, granty alyjynyň, bilelikdäki işe gatnaşyjy – rezidentiň esasy işine hyzmat etmek boýunça hasabyň açylýan balans hasabynda açylýar;
d) ýörite depozit hasaby Türkmenistanyň Döwlet haryt – çig mal biržasynda geleşikleri baglaşmak üçin açylýar. 

2.9. Wagtlaýyn hasap bölekleýin ulanmaga berlen (goýberiş toplumy, nobat, tapgyr we ş.m.) gurulýan kärhana, şeýle hem gurluşygy Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygy bilen kesgitlenen tertipde tassyklanan kärhananyň dolandyrmasyna açylyp bilner. 

Wagtlaýyn hasap kärhananyň doly ulanylmaga berilmegine çenli möhlete açylýar.
Gurluşyk tamamlanandan soň, hasabyň eýesi hyzmat ediji bankyna esasy işine hyzmat etmek boýunça hasaby açmak üçin zerur bolan resmi namalary tabşyrýar. Esasy işine hyzmat etmek boýunça bank hasaby açylandan soň, wagtlaýyn hasapdaky serişdeleriň galyndysy şol hasaba geçirilýär.

2.10. Manatdaky aragatnaşyk hasaby bank amallaryny geçirmäge Türkmenistanyň Merkezi bankynyň (mundan beýläk – TMB) ygtyýarnamasy bolan baş banka TMB-niň hasaplaşyk ulgamynyň edaralarynda we beýleki banklarda açylýar. 

2.11. Manatdaky aragatnaşyk kömekçi hasaby baş bank tarapyndan öz şahamçasyna TMB-niň hasaplaşyk ulgamynyň edaralarynda açylyp bilner. 

2.12. Daşary ýurt pulundaky aragatnaşyk hasaby daşary ýurt pulundaky bank amallaryny geçirmäge TMB-niň ygtyýarnamasy bolan baş banka, şahamça aragatnaşyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda ylalaşyk esasynda açylýar.