2-nji bap. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maksatlary, esasy borçlary we wezipeleri

5-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maksatlary we esasy borçlary
1. Şu aşakdakylar Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maksatlarydyr:
1) manadyň durnuklylygyny üpjün etmek;
2) Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmek we pugtalandyrmak.
2. Peýda almak Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işiniň maksady däldir.
3. Şu aşakdakylar Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esasy borçlarydyr:
1) Türkmenistanyň bank ulgamynyň işlemegi üçin zerur hukuk şertlerini we kepilliklerini döretmek;
2) netijeli ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny geçirmek;
3) nagt pul dolanyşygyny guramak;
4) hasaplaşyk-töleg ulgamynyň netijeli işlemegini üpjün etmek;
5) bank kadalaşdyrmasyny we bank gözegçilik barlagyny guramak;
6) bahalaryň durnuklylygyny saklamak;
7) karz edaralarynyň kreditorlarynyň we goýumçylarynyň bähbitlerini goramak; 
8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jenaýatçylyk ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek; 
9) döwletiň ätiýaçlyk altyn goruny goşmak bilen, Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň (altyn pul aktiwleriniň) netijeli dolandyrylmagyny üpjün etmek.

6-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň wezipeleri
1. Türkmenistanyň Merkezi banky şu Kanunda kesgitlenilen maksatlara we borçlara laýyklykda aşakdaky wezipeleri amala aşyrýar:
1) ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň esasy ugurlarynyň taslamasyny işläp taýýarlaýar we ony Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň garamagyna berýär;
2) ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri amala aşyrýar;
3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ykdysady gatnaşyklarda pul kadalaşdyrmasyny we pul gözegçiligini özbaşdak we bank ulgamynyň üsti bilen guraýar hem-de amala aşyrýar;
4) Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyna seljerme we çaklama geçirilmegine gatnaşýar;
5) milli pula gatnaşykda daşary ýurt pullarynyň resmi hümmetlerini belleýär;
6) pul belgileriniň emissiýasyny we olaryň dolanyşykdan alynmagyny amala aşyrýar hem-de Türkmenistanyň çäginde  Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul belgileriniň ýeke-täk emitenti bolup durýar;
7) Türkmenistanyň çäginde nagt pul dolanyşygyny guraýar;
8) pul belgilerini we beýleki gymmatlyklary hasaba almagyň, saklamagyň, daşamagyň we inkassasiýa etmegiň düzgünlerini belleýär;
9) pul belgileriniň we beýleki gymmatlyklaryň döwlet ätiýaçlyk gaznalaryny döredýär;
10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda karz edaralaryny bellige almagy we ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýar;
11) Türkmenistanda hasaplaşyklary geçirmegiň düzgünlerini  belleýär we olaryň geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
12) Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň hasaplaryna, karz edaralarynyň we beýleki müşderileriň hasaplaryna hyzmat edýär;
13) döwletiň ätiýaçlyk altyn goruny goşmak bilen, Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň (altyn pul aktiwleriniň) saklanylmagyny we hyzmat edilmegini üpjün edýär;
14) Türkmenistanyň kanunçylygyna we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna laýyklykda Türkmenistanda bellige alnan karz edaralarynda buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylyk ulgamynyň kadalaşdyrylmagyny amala aşyrýar;
15) bank hasaplaryny açmagyň we bank amallaryny geçirmegiň umumy düzgünlerini belleýär;
16) halkara guramalary we daşary ýurt döwletleri bilen, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň fiziki we ýuridik şahslary bilen hasaplaşyklary amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär;
17) karz edaralaryny gaýtadan maliýeleşdirmegi amala aşyrýar we olar üçin soňky basgançakdaky karz beriji bolup durýar;
18) Türkmenistanyň töleg balansynyň düzülmegini guraýar;
19) bank kadalaşdyrmasyny we bank gözegçilik barlagyny amala aşyrýar; 
20) karz edaralary tarapyndan jenaýatçylyk ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy çäreleriň geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýar; 
21) daşary ýurt korrespondent banklaryndan we beýleki karz edaralaryndan şertnamalaýyn şertlerde depozitleri kabul edýär;
22)  Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda karz edaralary tarapyndan gymmatly kagyzlaryň emissiýasyny bellige alýar;
23) Türkmenistanyň bank ulgamy üçin işgärleri taýýarlamaga gatnaşýar;
24) bank amallarynyň we geleşikleriň ähli görnüşlerini amala aşyrýar;
25) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýaryna girýän beýleki wezipeleri amala aşyrýar.
2. Türkmenistanyň Merkezi banky şu aşakdakylara haklydyr:
1) şübheli bergiler we ygtybarsyz talaplar boýunça prowiziýalary (ätiýaçlyklary) döretmäge;
2) öz adyndan bergi borçnamalarynyň çykarylmagyny amala aşyrmaga.

7-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kazyýetlere ýüz tutmak hukugy
Türkmenistanyň Merkezi banky öz bähbitlerini goramak maksady bilen Türkmenistanyň kazyýetlerine, şeýle hem halkara kazyýetlerine we bitarap kazyýetlere hak islegleri bilen ýüz tutmaga haklydyr.