2-nji bap. Karz edarasynyň döredilmegi, üýtgedilip guralmagy, işini bes etmegi we ýatyrylmagy

7-nji madda. Karz edarasynyň döredilmegi we döwlet tarapyndan bellige alynmagy
1. Karz edarasynyň döredilmegi we döwlet tarapyndan bellige alynmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
2. Karz edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen guramaçylyk-hukuk görnüşlerinde döredilýärler.
3. Karz edarasynyň degişli guramaçylyk-hukuk görnüşindäki ýuridik şahs üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen esaslandyryş resminamalary bolmalydyr.
4. Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň ýuridik we fiziki şahslary karz edarasynyň esaslandyryjylary bolup bilerler.
5. Esaslandyryjylaryň, şeýle hem affilirlenen şahslaryň işjeňlik abraýyna we maliýe ýagdaýyna bildirilýän talaplar Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.
6. Türkmenistanyň Merkezi banky karz edaralarynyň sanawyny ýöredýär.

8-nji madda. Karz edarasynyň firma ady
1. Karz edarasynyň döwlet dilindäki doly firma ady bolmalydyr we onuň gysgaldylan firma adyny edinmäge haky bardyr. Karz edarasynyň, şeýle hem daşary ýurt dilleriniň birindäki doly we (ýa-da) gysgaldylan firma adyny edinmäge haky bardyr.
2. Karz edarasynyň firma adyna bildirilýän talaplar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýär.
3. Türkmenistanda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bank amallaryny amala aşyrmak üçin ygtyýarnamasyny alan ýuridik şahslardan başga ýuridik şahslar, Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda, öz firma adynda "bank", "karz edarasy", "bank däl karz edarasy" sözlerini ulanyp ýa-da bu ýuridik şahsyň bank amallaryny amala aşyrmaga hukugynyň bardygyny başgaça görkezip bilmeýärler.
4. Eger şeýle at eýýäm karz edaralarynyň sanawynda bar bolsa, onuň guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan karz edarasynyň firma adynyň peýdalanylmagyna ýol berilmeýär.

9-njy madda. Daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagyndaky karz edaralaryny döretmegiň aýratynlyklary
1. Türkmenistanda daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagyndaky karz edaralarynyň we pugta maliýe ýagdaýyna we birkemsiz işjeň abraýa eýe bolan daşary ýurt banklarynyň şahamçalarynyň açylmagyna rugsat berilýär.
2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti Türkmenistanyň bank ulgamyna daşary ýurt maýasynyň girmeginiň paýyny we şertlerini kesgitleýär. 
3. Agzalan paý Türkmenistanyň daşary ýurt maýaly karz edaralarynyň esaslyk maýalaryndaky Türkmenistanyň dahylsyzlaryna degişli bolan umumy maýanyň we daşary ýurt banklarynyň şahamçalarynyň maýasynyň Türkmenistanyň çäginde bellige alnan karz edaralarynyň bilelikdäki esaslyk maýasyna bolan gatnaşygy hökmünde hasaplanylýar.
4. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti tarapyndan bellenilen paýlaryň çäklerinde daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagyndaky karz edaralaryny we daşary ýurt banklarynyň şahamçalaryny açmaga rugsat bermek hakynda çözgüt kabul edýär.
5. Türkmenistanyň Merkezi banky daşary ýurt maýasynyň Türkmenistanyň bank ulgamyna gatnaşmagynyň bellenilen paýyna ýetilende daşary ýurt maýasy bolan karz edaralaryna, daşary ýurt banklarynyň şahamçalaryna bank amallaryny amala aşyrmak üçin ygtyýarnama bermegini bes edýär.
6. Daşary ýurt maýasy bolan karz edaralary üçin esaslyk maýanyň iň az möçberi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň dahyllylary - daşary ýurt maýasy gatnaşmaýan karz edaralary üçin bellenilen esaslyk maýanyň iň az möçberine deňdir.
7. Daşary ýurt maýasy bolan karz edarasynyň esaslandyryjylarynyň (gatnaşyjylarynyň) – Türkmenistanyň dahylsyzlarynyň biri hökmany ýagdaýda karz edarasy bolmalydyr.

10-njy madda. Türkmenistanyň karz edaralarynyň şahamçasyny, wekilligini we beýleki düzüm birliklerini döretmek
1. Türkmenistanyň karz edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şahamçalaryny we wekilliklerini döredýärler. 
2. Karz edarasy we onuň şahamçalary Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen tertipde özbaşdak balansy bolmadyk düzüm birliklerini (bank gulluklaryny, hasaplaşyk-kassa merkezlerini, prosessing merkezlerini, alyş-çalyş nokatlaryny we başgalary) döredip bilerler. 
3. Karz edarasy şahamçalarynyň, wekillikleriniň we beýleki düzüm birlikleriniň döredilýändigi we işine başlaýandygy, şeýle hem olaryň işini bes edýändigi hakynda Türkmenistanyň Merkezi bankyna ýazmaça görnüşde habar berýär.
4. Karz edarasynyň şahamçalarynyň we beýleki düzüm birlikleriniň, şeýle hem onuň şahamçasynyň düzüm birlikleriniň karz edarasynyň adyndan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda müşderilere hasaplaşyk we (ýa-da) kassa hyzmatlaryny etmäge, daşary ýurt puluny alyş-çalyş we gaýry bank amallaryny amala aşyrmaga hukuklary bardyr.
5. Karz edarasynyň wekilligi onuň bähbitlerini goramagy we olara wekilçilik etmegi amala aşyrýar, onuň adyndan geleşikleri we başga ýuridik hereketleri amala aşyrýar.

11-nji madda. Karz edarasynyň Türkmenistanyň çäginden daşarda şahamçasyny, wekilligini we golçur bankyny döretmeginiň aýratynlyklary
1. Türkmenistanyň karz edarasy daşary ýurt döwletiniň çäginde şahamçasyny, wekilligini döredip ýa-da golçur bankyny esaslandyryp biler.
2. Karz edarasy Türkmenistanyň Merkezi bankyna özüniň daşary ýurt döwletiniň çägindäki şahamçasynyň, wekilliginiň ýa-da golçur bankynyň ýerleşýän ýeriniň üýtgändigi ýa-da işini bes edendigi hakynda habar berýär.

12-nji madda. Karz edaralarynyň üýtgedilip guralmagy, işini bes etmegi we ýatyrylmagy
Karz edaralarynyň, şol sanda gurbunyň çatmazlygy (batmagy) esasynda, üýtgedilip guralmagy, işini bes etmegi we ýatyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.