2. Nagt pullaryň kabul edilmegi, berilmegi we kassa resminamalarynyň resmileşdirilişi

  • Pul biletleri we şaýylar kabul edilende kärhananyň kassirleri pul biletleriniň we şaýylaryň tölege ukyplylygyny kesgitlemek üçin Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýän talaplary gollanmaga borçlydyrlar.

Kärhananyň kassasyna nagt pullaryň kabul edilmegi, baş buhgalter (ýa-da kärhananyň ýolbaşçysynyň ygtyýarlandyran adamy) we kassir tarapyndan gol çekilýän «Türkmenmillihasabat» instituty tarapyndan 2000-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 19-ynda № 125 buýrugy bilen tassyklanylan № KO-1 umumy kabul edilen  pudagara görnüş boýunça girdeji kassa orderi esasynda kassir tarapyndan amala aşyrylýar.
Girdeji kassa orderine kärhananyň baş buhgalteriniň (ýa-da kärhananyň ýolbaşçysynyň ygtyýarlandyran adamynyň) we kassiriň gollary goýulan we kassiriň möhüri (möhürçesi) bilen berkidilen, pullaryň kabul edilendigi hakynda töleghaty berilýär.

  • Kärhananyň kassasyndan nagt pullaryň berilmegi «Türkmenmillihasabat» institutynyň 2000-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 19-ynda № 125 buýrugy bilen tassyklan № KO-2 görnüş boýunça çykdajy kassa orderi esasynda amala aşyrylýar.

Pullary bermek üçin resminamalar kärhananyň ýolbaşçysy we baş buhgalteri tarapyndan gol çekilen bolmalydyr. Nagt pullary bermek üçin resminamalarda kassadan pullary alan adamyň we kassiriň gollary bolmalydyr. Töleg sanawynyň ýerine ýetirilişine hasaplaşyk kassa amallary boýunça buhgalter tarapyndan gözegçilik edilýär we onuň goly bilen berkidilýär. Zähmet hakyny bermek üçin töleg sanawy «Türkmenmillihasabat» instituty tarapyndan 2000-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 19-ynda № 125  buýrugy bilen tassyklanylan  1/2-2A (Z-49 görnüş)  görnüş boýunça alnyp barylýar. 
Býujet edaralaryna hyzmat edýän merkezleşdirilen buhgalteriýalarda tölenen zähmet hakynyň umumy möçberine bir çykdajy kassa orderi düzülýär, onuň senesi we belgisi her bir töleg (hasaplaşyk-töleg) sanawynda görkezilýär.

  • Çykdajy kassa orderi ýa-da onuň ýerini tutýan resminama boýunça aýratyn adama pullar berlende, kassir (ygtyýarlandyrylan adam) alyjynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň (pasportyň ýa-da başga resminamanyň) görkezilmegini talap edýär, şol resminamanyň adyny we belgisini, onuň kim tarapyndan we haçan berlendigini ýazýar hem-de alyjydan onuň pullary alandygy barada ýazgysy alýar.

Pullar kärhana tarapyndan berlen, eýesiniň suraty ýelmenen we şahsy goly goýulan  hakyky şahadatnama boýunça hem berilip bilner. 
Pullaryň alnandygy hakyndaky ýazgy alnan puluň möçberi: manady – hat bilen, teňňeleri – sanlarda, diňe öz eli bilen syýa ýa-da şarikli ruçka bilen ýazylyp bilner. Pullar sanaw boýunça alnanda möçberi hat bilen görkezilmeýär.

  • Kärhananyň işgärleriniň sanawynda durmaýan adamlara pullaryň berilmegi her bir adama ýazylýan çykdajy kassa orderi boýunça ýa-da baglanyşylan şertnamalar esasynda aýratyn sanaw boýunça amala aşyrylýar.

Görkezilen adamlar bilen hasaplaşyklar zähmet borçlary ýerine ýetirmek bilen bagly bolmadyk işler üçin raýat-hukuk häsiýetli ylalaşyklar baglanyşylan ýagdaýynda, olaryň bank edaralarynda açylýan şahsy hasaplary arkaly geçirilýär. 

Oba hojalyk we ýükleýiş-düşüriş işlerine, şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aradan aýyrmaklyga çekilýän adamlara pul berilmegi sanaw boýunça amala aşyrylýar. Sanawlar, işgärleri görkezilen işlere gönükdirilen guramalaryň her biri boýunça aýratynlykda düzülýär hem-de işleri guraýjy kärhananyň ýolbaşçysynyň we baş buhgalteriniň gollaryndan başga-da, degişli guramanyň ygtyýarlandyrylan adamsynyň goly bilen ylalaşylýar.

Ýarawsyzlygy ýa-da başga sebäpler boýunça puly hut özi almaga mümkinçiligi bolmadyk adamlara tölenmäge degişli möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde resmileşdirilen ynanç hatyna laýyklykda başga adama berlip biler. 

Kärhananyň kassiri pullary diňe çykdajy kassa orderinde ýa-da onuň ýerini tutýan resminamada görkezilen adama berýär. Eger pullar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde resmileşdirilen ynanç haty boýunça berilýän bolsa, orderiň ýazgysynda puly alyjynyň adynyň, atasynyň adynyň we familiýasynyň soňundan puly almak ynanylan adamyň ady, atasynyň ady we familiýasy buhgalteriýa tarapyndan görkezilýär. Eger pullar sanaw boýunça berilýän bolsa, kassir puluň alnandygy hakynda ýazgynyň öňünde «Ynanç haty boýunça»diýip ýazýar. Ynanç haty boýunça pul berilmegi şu Tertibiň 14-nji bölüminde göz öňünde tutulan talaplara laýyklykda amala aşyrylýar. Ynanç haty çykdajy kassa orderine ýa-da sanawa goşundy hökmünde günüň resminamalarynda goýulýar. 

Şol kärhananyň buhgalteriýasynyň ýa-da kassasynyň işgärlerine başga adam üçin gol çekmeklik düýbünden gadagan edilýär. Çykdajy kassa orderinde puly hakyky alyjynyň we oňa puly almaklygy ynanan adamlaryň şahsyýetlerini tassyklaýan resminamanyň ady, belgisi, berlen senesi we ýeri görkezilýär.

Komitente nagt pullaryň berlişi Türkmenistanyň söwda we resurslar ministriniň 1998-nji ýylyň Gorkut aýynyň 1-inde № 158 buýrugy bilen tassyklanan we Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi tarapyndan 31.07.1998 ý. 176 san bilen bellige alnan Türkmenistanyň çäklerinde azyk däl harytlar bilen komission söwdanyň kadalaryna we Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 1999-njy ýylyň Gorkut aýynyň 27-sinde № 164 buýrugy bilen belgi tassyklanan we Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi tarapyndan 23.09.1999 ý. 221 san bilen bellige alnan Türkmenistanyň çäklerinde azyk harytlary bilen komission söwdanyň kadalaryna laýyklykda hyzmat ediş şertnamasynyň esasynda amala aşyrylýar.

Eýeçiligi döwlete dahylly we dahylsyz edara görnüşli taraplaryň komissiýa tabşyran ulag serişdeleriniň we ätiýaçlyk şaýlarynyň bahasyny tölemeklik, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň  1999-njy ýylyň Gorkut aýynyň 6-synda № 151 buýrugy bilen tassyklanylan we Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi tarapyndan 22.10.1999 ý. 223 san bilen bellige alnan Türkmenistanyň çäklerinde ulag serişdeleri bilen komission söwdasynyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.  

Zähmet hakyny, wagtlaýyn işe ýarawsyzlyk boýunça kömek pullaryny, talyp haklaryny we baýraklary tölemeklik her bir alyja çykdajy kassa orderini düzmezden, töleg (hasaplaşyk-töleg) sanawlary boýunça kassir tarapyndan amala aşyrylýar. Töleg (hasaplaşyk-töleg) sanawlarynyň başlangyç (ýüzündäki) sahypasynda kärhananyň ýolbaşçysynyň we baş buhgalteriniň gollary bilen berkidilen pullary tölemek hakynda rugsat ýazgysy ýazylýar.

Birnäçe adamlaryň zähmet hakyna (zähmet rugsadyna gidilende) pullaryň bir gezekleýin berilmegi, şeýle hem deponirlenen möçberleriň we gulluk saparlary bilen bagly bolan çykdajylar üçin pullaryň hasabat boýunça berilmegi şonuň ýaly tertipde resmileşdirilýär.

Dürli adamlaryň zähmet hakyna pullaryň bir gezekleýin berilmegi çykdajy kassa orderleri boýunça amala aşyrylýar.

  • Zähmet hakyny, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça kömek pullaryny, talyp haklaryny we baýraklary tölemek üçin şu Tertibiň 10-njy bendinde bellenilen möhletleriň geçmegi bilen, kassir şulara borçlydyr:

a) töleg (hasaplaşyk-töleg) sanawynda görkezilen tölegler kime tölenilmedik bolsa, şonuň familiýasynyň garşysynda möhürçesini goýmaly ýa-da el bilen «Deponirlenen» diýip bellik etmeli;

b) töleg (hasaplaşyk-töleg) sanawynyň soňunda hakyky tölenilen we deponirlenmäge degişli möçberler barada ýazgy etmeli, olary töleg sanawynyň umumy jemi bilen deňeşdirmeli we ýazgyny öz goly bilen berkitmeli. Kärhananyň buhgalteriýasy deponirlenmäge degişli möçberleriň esasynda deponirlenýän möçberleriň sanawyny düzýär. Eger pullar kassirden başga adam tarapyndan berilýän bolsa, onda sanawda «Sanaw boýunça pullary berdim (goly)» diýen goşmaça ýazgy edilýär. Kassiriň we paýlaýjynyň bir sanaw boýunça pullary bermegi gadagan edilýär;

ç) kassa kitabynda hakyky tölenilen möçberleri ýazmaly we sanawda «№__ çykdajy kassa orderi» diýen möhürçäni goýmaly. Buhgalteriýa kassirleriň töleg (hasaplaşyk-töleg) sanawynda eden bellikleri hem-de olar boýunça berlen we deponirlenen möçberleriň hasaplanylyşy barlaýar. Deponirlenen möçberler banka tabşyrylýar we tabşyrylan möçberlere bir umumy çykdajy kassa orderi düzülýär.

  • Girdeji kassa orderleri we olaryň töleg hatlary, şeýle hem çykdajy kassa orderleri we olary çalyşýan resminamalar buhgalteriýa tarapyndan syýada, şarikli ruçkada dürs we anyk doldurylan ýa-da maşynda (kompýuter tehnikasynda, hasaplaýyş, hat ýazýan) çykarylan bolmalydyr.

Kassa resminamalaryna düzediş girizmäge, bozmaga we garalamaga ýol berilmeýär.
Girdeji we çykdajy kassa orderlerinde olaryň düzülmegi üçin esaslar görkezilýär we olara goşulýan resminamalar sanalyp geçilýär.
Girdeji we çykdajy kassa orderleriniň ýa-da olaryň ýerini tutýan resminamalaryň pul tabşyrýan ýa-da alýan adamlaryň eline berilmegi gadagan edilýär. Kassa orderleri boýunça puluň berilmegi we kabul edilmegi, diňe olaryň düzülen güni amala aşyrylyp bilner.

  • Kärhananyň kassiri girdeji we çykdajy kassa orderlerini ýa-da olaryň ýerini tutýan resminamalary alanda, şulary barlamaga borçludyr:

a) resminamalarda baş buhgalteriň golunyň, çykdajy kassa orderlerinde bolsa kärhananyň ýolbaşçysynyň rugsat beriji ýazgysynyň (golunyň) barlygyny we hakykylygyny;
b) resminamalaryň resmileşdirilişiniň dogrulygyny;
ç) resminamalarda sanalyp geçilýän goşundylaryň barlygyny.
Şu talaplaryň iň bolmanda biriniň berjaý edilmedik ýagdaýynda, kassir resminamalary talap edilişi ýaly resmileşdirmek üçin buhgalteriýa gaýtarýar. Girdeji we çykdajy kassa orderlerinde ýa-da olaryň ýerini tutýan resminamalarda olar boýunça pul berlenden ýa-da alnandan soň haýal edilmän kassir tarapyndan gol çekilýär, olara goşulýan resminamalar bolsa senesini (gün, aý, ýyl) görkezmek bilen, «Tölenen» diýen ýazgy ýa-da möhürçe goýlyp ýapylýar.

  • Girdeji we çykdajy kassa orderleri ýa-da olaryň ýerini tutýan resminamalar kassa berilmezden öň, «Türkmenmillihasabat» instituty tarapyndan 2000-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 19-ynda № 125 buýrugy bilen tassyklanylan KO-3 görnüş boýunça girdeji we çykdajy kassa resminamalarynyň hasaba alyş žurnalynda buhgalteriýa tarapyndan hasaba alynýar. Zähmet hakynyň we oňa deňleşdirilen tölegleriň töleg (hasaplaşyk-töleg) sanawy üçin resmileşdirilen çykdajy kassa orderleri, olar tölenenden soňra hasaba alynýar. EGKE-niň hasaplaýjysynyň jemleýji görkezijileri üçin resmileşdirilen girdeji kassa orderleri hem buhgalteriýa tarapyndan hasaba alynýar. Girdeji we çykdajy kassa resminamalarynyň hasaba alynmagy hasaplaýyş tehnikasynyň serişdelerini ulanmak arkaly amala aşyrylyp bilner. Şunda, degişli gün üçin düzülýän «Girdeji we çykdajy kassa orderlerini hasaba alyş žurnalyna goýulýan list» maşyn ýazgysynda, pul serişdeleriniň maksatlaýyn niýetlenilişi boýunça hereketini hasaba almak üçin maglumatlaryň jemlenmegi hem üpjün edilýär.