10-njy bap. Karz edarasynda duran pul serişdeleriniň we gaýry gymmatlyklaryň tussag edilmegi we olaryň töletdirip alynmagy

35-nji madda. Karz edarasynyň müşderileriniň pul serişdeleriniň we gaýry gymmatlyklarynyň tussag edilmegi
1. Karz edarasynyň müşderileriniň hasaplarynda we goýumlarynda ýa-da karz edarasynyň saklamagynda duran pul serişdeleri we gaýry gymmatlyklary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kazyýet, şeýle hem deslapky derňew we anyklaýyş edaralary tarapyndan tussag edilip bilner.
2. Hasaplarda we goýumlarda duran pul serişdeleri tussag edilen mahalynda karz edarasy tussag etmek hakynda kazyýetiň çözgüdini ýa-da deslapky derňew we anyklaýyş edaralarynyň kararyny (kesgitnamasyny) alan badyna haýal etmän tussag edilen serişdeleriň çäklerinde degişli hasap (goýum) boýunça çykdajy amallaryny bes edýär.

36-njy madda. Karz edarasynyň müşderileriniň pul serişdeleriniň we gaýry gymmatlyklarynyň töletdirip alynmagy
1. Karz edarasynyň müşderileriniň,  karz edarasynyň hasaplarynda we goýumlarynda ýa-da saklamagynda duran pul serişdeleri we gaýry gymmatlyklary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda töletdirilip alnyp bilner.
2. Karz edarasy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda öz müşderileriniň pul serişdeleriniň we gaýry gymmatlyklarynyň tussag edilmegi ýa-da olaryň töletdirilip alynmagy netijesinde ýetirilen ýitgi üçin jogapkärçilik çekmeýär.