10-njy bap. Bank kadalaşdyrmasy we bank gözegçilik barlagy

46-njy madda. Bank kadalaşdyrmasynyň we bank gözegçilik barlagynyň esaslary
1. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň çäginde bellige alnan karz edaralarynyň işine bank kadalaşdyrmasyny we bank gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara bolup durýar.
2. Bank kadalaşdyrmasynyň we bank gözegçilik barlagynyň maksatlary Türkmenistanyň bank ulgamynyň durnuklylygyny saklamak we goýumçylaryň hem-de karz berijileriň bähbitlerini goramak, Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek bolup durýar.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň karz edaralarynyň derhal işine gatyşmaga haky ýokdur, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.
3. Türkmenistanyň Merkezi banky bank kadalaşdyrmasyny we bank gözegçilik barlagyny amala aşyrmak maksady bilen:
1) bank amallaryny geçirmegiň, buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegiň, maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna laýyklykda maliýe hasabatlylygyny düzmegiň we bermegiň, statistiki hasabatlylygy düzmegiň we bermegiň, içerki gözegçiligi guramagyň karz edaralary üçin hökmany bolan umumy kadalaryny belleýär; 
2)  karz edaralarynyň barlaglaryny geçirýär, buhgalterçilik hasaplarynyň, kitaplarynyň we beýleki resminamalarynyň barlagyny amala aşyrýar;
3) karz edaralary üçin ygtyýarnama almak boýunça işleri we hökmany ykdysady kadalaşdyryjylary belleýär, şeýle hem olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik barlagyny amala aşyrýar;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda karz edaralarynyň ýolbaşçylaryna we wezipeli adamlarynyň kesgitlenen derejelerine hünär talaplaryny belleýär;
5) fiziki şahslaryň depozitleriniň kepillendiriliş gaznasyny döretmegiň tertibini we ony peýdalanmagyň tärini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda belleýär.
4. Şu maddanyň üçünji böleginiň 3-nji bendine laýyklykda karz edaralarynyň durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Merkezi banky şu aşakdaky hökmany ykdysady kadalaşdyryjylary belläp biler:
1) döredilýän karz edaralarynyň esaslyk maýasynyň iň az möçberini, bank bolmadyk karz edarasy tarapyndan bankyň statusyny almak üçin öz serişdeleriniň (maýasynyň) möçberini;
2) karz edarasynyň esaslyk maýasynda emläk (pul bolmadyk) goýumlaryň aňryçäk möçberini;
3) bir karz alyjy ýa-da baglanyşykly karz alyjylar topary üçin töwekgelçiligiň iň ýokary möçberini;
4) uly karz töwekgelçilikleriniň iň ýokary möçberini;
5) karz edarasynyň ukyplylygynyň kadalaşdyryjylaryny;
6) öz serişdeleriniň (maýasynyň) ýeterlilik kadalaşdyryjylaryny;
7) beýleki ýuridik şahslaryň paýnamalaryny (paýlaryny) edinmek üçin karz edarasynyň öz serişdelerini (maýasyny) peýdalanmagynyň kadalaşdyryjylaryny;
8) karz edarasy tarapyndan öz esaslandyryjylaryna (gatnaşyjylaryna) berilýän karzlaryň, bank kepillikleriniň we güwä geçmeleriň iň ýokary möçberini;
9) zerur halatlarda – töwekgelçilikleri dolandyrmak üçin başga kadalaşdyryjylary. 
5. Türkmenistanyň Merkezi banky halkara standartlaryny we karz edaralary bilen maslahatlary hasaba almak bilen karz edarasynyň öz serişdelerini (maýasyny), aktiwlerini, passiwlerini we aktiwler boýunça her bir kadalaşdyryjy üçin töwekgelçiligiň möçberlerini kesgitlemegiň usulyýetini işläp taýýarlaýar we tassyklaýar. 
Türkmenistanyň Merkezi banky karz edaralarynyň görnüşleri boýunça tapawutlandyrylan kadalaşdyryjylary we olary hasaplamagyň usulyýetini bellemäge haklydyr.
6. Hökmany ykdysady kadalaşdyryjylaryň we olary hasaplamak usulyýetleriniň geljekki üýtgemegi hakynda Türkmenistanyň Merkezi banky olaryň herekete girmegine çenli bir aýdan gijä galman resmi taýdan yglan edýär.

47-nji madda. Bank kadalaşdyrmasyny we bank gözegçilik barlagyny amala aşyrmak
1. Türkmenistanyň Merkezi banky bank kadalaşdyrmasyny we bank gözegçilik barlagyny amala aşyrmak maksady bilen karz edaralarynyň işiniň barlaglaryny geçirýär.
2. Karz edarasynyň işinde düzgün bozmalar ýüze çykan mahalynda Türkmenistanyň Merkezi banky ýüze çykan düzgün bozmalary düzetmek hakynda oňa ýerine ýetirilmegi hökmany bolan tabşyryknamalary iberýär hem-de şu Kanunda göz öňünde tutulan temmileri ulanýar.
3. Barlaglar Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bank gözegçilik barlagy gullugy tarapyndan hem-de onuň çäk gulluklary tarapyndan amala aşyrylyp bilner.
Karz edaralarynyň barlaglaryny geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti tarapyndan tassyklanylýar.
4. Türkmenistanyň Merkezi banky bank kadalaşdyrmasyny we bank gözegçilik barlagyny amala aşyranda karz edarasynyň barlagyny ýylda bir gezekden artyk we karz edarasynyň işiniň şol bir hasabat döwri üçin şol bir meseleler boýunça barlagyny bir gezekden köp geçirmäge haky ýokdur, şu maddanyň bäşinji böleginde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.
5. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan karz edarasynyň işiniň şol bir hasabat döwri üçin şol bir meseleler boýunça karz edarasynyň gaýtadan barlaglaryny geçirmäge şu aşakdaky halatlarda rugsat berilýär:
1) eger şeýle barlag karz edarasynyň üýtgedilip guralmagy ýa-da ýatyrylmagy bilen baglanyşykly geçirilse;
2) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň karz edarasynyň barlagyny geçiren ýerli bank gözegçilik barlagy gullugynyň işine gözegçilik tertibinde. Görkezilen gözegçilik tertibinde karz edarasyny gaýtadan barlamak Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygynyň esasly çözgüdiniň esasynda geçirilýär;
3) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda. 
6. Bank gözegçilik barlagyny amala aşyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Merkezi banky karz edaralaryndan olaryň işi hakyndaky, şol sanda maliýe ýagdaýy, anyk amallar boýunça esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) iş abraýy hakyndaky zerur maglumaty olardan soramaga we almaga hem-de alnan maglumat boýunça düşündirişleri talap etmäge haklydyr.
7. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň şu aşakdakylara haky ýokdur:
1) karz edaralarynyň müşderileri hakynda we bank hyzmaty bilen baglanyşykly bolmadyk beýleki üçünji şahslar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk maglumatyň berilmegini karz edaralaryndan talap etmäge;
2) karz edaralarynyň müşderileri tarapyndan amallaryň geçirilmegine Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk göni ýa-da gytaklaýyn çäklendirmeleri bellemäge;
3) karz edaralaryny olaryň müşderilerinden Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk resminamalary talap etmegi borçlandyrmaga.

48-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan karz edaralaryna ulanylýan temmiler
1. Karz edarasy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň,  oňa laýyklykda çykarylýan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň bozulan, maglumatyň berilmedik, doly däl ýa-da hakyky bolmadyk maglumatyň berlen halatlarynda Türkmenistanyň Merkezi banky ýüze çykarylan düzgün bozmalaryň düzedilmegini karz edarasyndan talap etmäge, esaslyk maýanyň iň az möçberiniň 0,1 göterimine çenli möçberde jerime salmaga ýa-da karz edarasy tarapyndan bank amallarynyň aýry-aýry görnüşleriniň geçirilmegini alty aýa çenli möhlet üçin çäklendirmäge haklydyr.
2. Karz edarasynyň işinde ýüze çykarylan düzgün bozmalary Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen möhletde düzetmek hakynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň tabşyryknamalary ýerine ýetirilmedik mahalynda, şeýle hem eger bu düzgün bozmalar ýa-da karz edarasy tarapyndan amala aşyrylýan amallar ýa-da geleşikler onuň karz berijileriniň bähbitlerine hakyky howp döreden bolsa, Türkmenistanyň Merkezi banky şu aşakdakylara haklydyr:
1) karz edarasyndan tölenen esaslyk maýanyň möçberiniň 0,1 göterimine çenli möçberde, ýöne esaslyk maýanyň Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen iň az möçberiniň 0,1 göterimi möçberinden köp bolmadyk jerimäni almaga;
2) karz edarasyndan şu aşakdakylaryň amala aşyrylmagyny talap etmäge:
a) karz edarasyny maliýe taýdan sagdynlaşdyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmagy, şol sanda onuň aktiwleriniň gurluşyny üýtgetmegi;
b) karz edarasyny  üýtgedip guralmagyny;
3) karz edarasy üçin bellenilen hökmany ykdysady  kadalaşdyryjylary alty aýa çenli möhlet üçin üýtgetmäge;
4) karz edarasyna bank amallaryny amala aşyrmak üçin berlen ygtyýarnamada göz öňünde tutulan bank amallarynyň aýry-aýry görnüşlerini  amala aşyrmaga we (ýa-da) onuň şahamça açmagyna bir ýyla çenli möhlete gadaganlyk girizmäge;
5) karz edarasyny dolandyrýan ygtyýarly edara onuň ýolbaşçylaryny ýa-da beýleki wezipeli adamlaryny eýeleýän wezipesinden çetleşdirmek hakynda ýa-da Türkmenistanyň Merkezi bankynda hünär synagyna degişli adamlaryň hünär laýyklygyna gaýtadan baha bermegi geçirmek hakynda oňa tabşyryknama ibermäge, şeýle hem karz edarasyny dolandyrýan wagtlaýyn administrasiýany Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde alty aýa çenli möhlet üçin bellemäge;
6) eger karz edarasynyň üýtgedilip guralmagy netijesinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda karz edarasynyň batyp galmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri görmek üçin esaslar ýüze çyksa, onuň amala aşyrylmagyna  gadaganlyk girizmäge;
7) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde karz edarasynyň ygtyýarnamasyny wagtlaýyn togtatmaga ýa-da ýatyrmaga.
3. Türkmenistanyň Merkezi banky  şu Kanunda göz öňünde tutulan temmileri ulanmagyň netijesinde ýüze çykan ýitgiler üçin jogapkärçilik çekmeýär.
4. Karz edarasyna temmileri ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýär. 
5. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda jerime temmileriniň pul möçberleri Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilýär.
6. Türkmenistanyň Merkezi banky karz edaralarynyň goýumçylarynyň we karz berijileriniň kanuny bähbitlerine, Türkmenistanyň bank ulgamynyň durnuklylygyna howp salýan ýagdaýlary ýüze çykarmak maksady bilen karz edaralarynyň işiniň seljermesini amala aşyrýar.

49-njy madda. Daşary ýurt döwletleriniň bank gözegçilik barlagy edaralary bilen hyzmatdaşlyk
Türkmenistanyň Merkezi banky daşary ýurt döwletleriniň bank gözegçilik barlagy edaralary bilen özara arkalaşyk esasynda, şol sanda olaryň ýurisdiksiýasynyň çäklerinde hereket edýän islendik karz edarasy we (ýa-da) maliýe guramasy babatda maglumat alyşmak boýunça, alnan maglumatyň ýaşyrynlygyny özara berjaý etmek şertinde hyzmatdaşlygy amala aşyrýar.