1. Umumy düzgünler

  • Türkmenistanda kassa amallaryny alyp barmagyň şu Tertibi Türkmenistanyň Saparmyrat Türkmenbaşynyň Raýat bitewi Kanunyna, «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda», «Täjirçilik banklary we bank işi hakynda», «Kärhanalar hakynda», «Türkmenistanyň pul birligi hakynda», «Daşary ýurt puluny kadalaşdyrmak hakynda», «Buhgalterlik hasaba alnyşy hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna, «Türkmenistanda bir bitewi töleg ulgamyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2006-njy ýylyň Nowruz aýynyň 23-inde çykaran № 7824  kararyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýyarlanyldy.
  • Şu Tertip kärhanalar, edaralar we guramalar (mundan beýläk – kärhanalar) tarapyndan, olaryň guramaçylyk we hukuk görnüşine we işiniň ugruna garamazdan,  ýerine ýetirilmegi üçin hökmanydyr.
  • Türkmenistanyň çäklerinde müşderileriň kassa hyzmatlaryny ýerine ýetirýän bank edaralarynda kassa amallaryny alyp barmagyň kadalary bank amallaryny geçirmäge ygtyýarnama berýän Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan aýratynlykda işlenip düzülýär hem-de tassyklanylýar.
  • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň kärhanalary tarapyndan kassa amallarynyň alnyp barlyşy 1999-njy ýylyň Nowruz aýynyň 9-ynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ylalaşylyp tassyklanan Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ekspluatasion kärhanalary tarapyndan kassa amallarynyň alnyp barlyşynyň düzgünleri bilen düzgünleşdirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzüm birlikleri we harby bölümleri tarapyndan kassa amallarynyň alnyp barlyşy 1997-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 30-yna Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ylalaşylyp tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümleri tarapyndan kassa amallarynyň alnyp barlyşynyň tertibi bilen düzgünleşdirilýär.

  • Ilat bilen pul hasaplaşyklaryny hasaba almak üçin, kärhanalar we guramalar Türkmenistanyň milli döwlet hasabatlar we maglumatlar institutynyň (mundan beýläk –  «Türkmenmillihasabat» instituty) tassyklan görnüşi boýunça kassa kitabynda dolulygyna, üznüksiz resminamalaýyn we özara arabaglanyşykda görkezmek arkaly, kassa amallarynyň buhgalteriýa hasabyny alyp barmaga borçlydyrlar.
  • Ilat bilen hasaplaşyklaryň geçirilmeginde kärhanalar tarapyndan nagt pullaryň kabul edilmegi, hökmany elektron gözegçilik-kassa enjamlarynyň (mundan beýläk – EGKE) ulanylmagy we gündelik hasaplaşyklar boýunça jemleýji maglumatlaryň kassiriň (buhgalteriň) kassa kitabynda görkezilmegi bilen amala aşyrylýar. EGKE amallary boýunça hasabat maglumatlary, girdejiniň kärhananyň kassasyna tabşyrylanda çykdajy kassa orderine goşulýar.
  • Kärhanalar öz borçnamalary boýunça beýleki kärhanalar bilen hasaplaşyklary bank edaralary arkaly nagt däl tertipde amala aşyrýarlar.
  • Kärhanalar tarapyndan bank edaralaryndan alnan nagt pul serişdeleri, olaryň niýetlenilip alnan maksatlaryna ulanylýar.
  • Hyzmatlary we harytlary ýerlemekden kärhanalaryň kassalaryna gelip gowuşýan nagt pul serişdeleri soňra olaryň hasaplaryna girdeji etmek üçin bank edaralaryna hökmany tabşyrylmaga degişlidir.

Bankdan çek boýunça alnan nagt pullar kärhanalaryň kassalarynda, olara hyzmat edýän bank edaralary tarapyndan kärhanalaryň ýolbaşçylary bilen ylalaşyp, bellenilýän çäk möçberleriň çäklerinde saklanyp bilner.

Kärhanalaryň kassasyndaky nagt pullaryň galyndysynyň çäk möçberi we nagt girdejiden pullary harç etmegiň ölçegleri hemişelik nagt pul girdejisi bolan her bir kärhana, olaryň özbaşdak balansda durýandygyna ýa-da durmaýandygyna garamazdan, her ýyl bellenilýär. Zerurlyga görä çäk möçberine ýylyň dowamynda hem täzeden seredilip bilner. 

Býujet edaralary üçin kassa galyndysynyň çäk möçberi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ykdysadyýet we maliýe müdirlikleri tarapyndan bellenilýär. Kassa galyndysynyň bellenilen çäk möçberleri hyzmat ediji banklaryň dykgatyna ýetirilýär.

Öz işini hojalyk hasaplaşygy (özüňi maliýeleşdiriş) esasynda amala aşyrýan býujet edaralary üçin kassa galyndysynyň çäk möçberini kesgitlemek barada, kärhanalar üçin bellenilen tertip ulanylýar. 

Nagt pullar bank edaralarynyň kassalaryna goragyň ugratmagynda kärhananyň kassiriniň özi ýa-da inkassatorlar tarapyndan tabşyrylyp bilner. Nagt pul girdejisi soňra banka tabşyrmak üçin kärhananyň kassiri tarapyndan kärhanalaryň ýanyndaky birleşdirilen kassalara, şeýle hem bankdaky hasaba geçirmek üçin aragatnaşyk kärhanalaryna tabşyrylyp bilner.

  • Geljekki çykdajylar, şol sanda zähmet hakyny tölemek üçin öz kassalarynda bellenilen çäk möçberlerden köp nagt pullary toplamaga kärhanalaryň haky ýokdyr.

Kärhanalaryň öz kassalarynda diňe zähmet hakyny, durmuş ätiýaçlandyrmasy boýunça kömek puluny, pensiýalary we talyp haklaryny tölemek üçin bankdan alan pullaryny 3 iş gününden köp bolmadyk (daýhan birleşikleri, şeýle hem barmasy kyn bolan sebitlerde ýerleşen kärhanalar üçin 5 güne çenli) möhletde, bellenen çäk möçberinden artyk  saklamaga hukugy bardyr.

  • Kärhanalar hojalyk-amaly çykdajylary üçin nagt pullary, özüne kassa hyzmatyny amala aşyrýan bank edarasy bilen ylalaşylyp, kärhananyň ýolbaşçylary tarapyndan kesgitlenilýän möçberlerde we möhletlere hasabat boýunça berýärler.

Gulluk saparlary bilen baglanyşykly çykdajylar üçin nagt pullaryň hasabat boýunça berilmegi sapara iberilýän adamlara Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda şu maksatlar üçin berilmäge degişli möçberleriň çäklerinde amala aşyrylýar.

Nagt pullary hasabat boýunça alan adamlar sapardan gelenlerinden soň bir hepde möhletde harç eden möçberleri hakynda hasabatyny kärhananyň buhgalteriýasyna tabşyrmaga we olar boýunça gutarnykly hasaplaşyk geçmäge borçlydyrlar.

Nagt pullaryň hasabat boýunça berilmegi, anyk jogapkär adamyň özüne öňki berlen hakujylar boýunça şu Tertibiň 1-nji goşundysyndaky görnüş boýunça doly hasabat bermek şerti bilen amala aşyrylýar. 

Bir adamyň hasabat boýunça alan nagt pullaryny başga adama geçirmegi gadagan edilýär. 

Işgärler sanawynda durýan taýýarlaýjylara tabşyrylan oba hojalyk önümleri üçin ilat bilen hasaplaşyga nagt pullaryň berilmegi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýän kadalara we talaplara laýyklykda amala aşyrylýar.

  • Kärhana kassa amallarynyň hasabyny Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi bilen ylalaşylan we «Türkmenmillihasabat» instituty tarapyndan tassyklanylan hasaba alyş resminamalarynyň bir meňzeş görnüşleri boýunça alyp barýar.