1-nji bölüm. Umumy düzgünler

1.1. Şu Düzgünnama Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat bitewi Kanunyna, «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda», «Täjirçilik banklary we bank işi hakynda», «Buhgalterlik hasaba alnyşy hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna (mundan beýläk – kanunçylyk) laýyklykda işlenip düzüldi hem-de bank hasabyny açmagyň, gaýtadan resmileşdirmegiň we ýapmagyň tertibini düzgünleşdirýär. 

1.2. Şu Düzgünnamada ulanmak üçin şu düşünjeler girizilýär:

bank hasaby – bankyň öz müşderisine açýan hasaplaşyk, gündelik, býujet, depozit (goýum), ýörite, wagtlaýyn, aragatnaşyk hasaplary hem-de kömekçi hasaplary; 
bank – bankyň şahamçalaryny we bank gulluklaryny hem goşmak bilen, Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýän bank edarasy;
bankyň müşderisi – edara görnüşindäki taraplar we olaryň düzüm birlikleri, hususy telekeçiler, şeýle hem şahsy adamlar;
müşderiniň hukuk salgysy:

edara görnüşindäki taraplar we olaryň şahamçalary, wekillikleri üçin – resmi taýdan hasaba alnan we bellenilen tertipde Edara görnüşindäki taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyna (mundan beýläk – EGTÝDS) girizilen salgysy;

hususy telekeçiler/şahsy adamlar üçin – hususy telekeçiniň/şahsy adamyň ýaşaýan ýeriniň salgysy;

göçürme nusga – eger-de tekstde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, resmi namanyň, hakykylygy döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan göçürme nusgasy.

1.3. Bank hasaby bankyň müşderisine Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat bitewi Kanunyna laýyklykda baglaşylan şertnama esasynda açylýar.

Bank hasaby açylanda, gaýtadan resmileşdirilende we ýapylanda, bank Türkmenistanyň kanunçylygyny, şeýle hem şu Düzgünnamany gollanýar. 

1.4. Müşderi bank hasabyny açmak üçin, degişli hasaby açmaklyga arzany we hasaby hukuk taýdan resmileşdirmek üçin resmi namalary banka tabşyrýar. Hukukçy, bankyň wezipe birlikleriniň sanawynda hukukçy wezipesi bolmadyk ýagdaýynda bolsa, bankyň baş buhgalteri ýa-da onuň orunbasary hasaby açmak üçin berlen resmi namalary gözden geçirenden soň, zerur bolan ähli resmi namalaryň bardygy barada arzada bellik edýär we arzany bankyň ýolbaşçysynyň garamagyna berýär.

Bank hasaby müşderiniň arzasyna bankyň ýolbaşçysy ýa-da onuň orunbasary gol çekenden soň açylýar. 

1.5. Bank hasabyny açmak boýunça resmi namalar, şertnamanyň asyl nusgasyny hem goşmak bilen, müşderiniň bankyň hukuk gullugynda (hukukçysynda) saklanylýan hukuk işinde ýerleşdirilýär, biri amal işgärinde, ikinjisi bolsa buhgalter-gözegçide ýa-da gözegçilik wezipesi berkidilen beýleki bir ygtyýarlandyrylan işgärde saklanýan, gol nusgalary we möhüriň yzy goýulan kartoçka muňa degişli däldir. Hukuk gullugy (hukukçy) bolmadyk ýagdaýynda, müşderiniň hukuk işi baş buhgalterde ýa-da onuň orunbasarynda saklanýar.

Amal işgärleri bank hasabynyň her bir görnüşi boýunça şertnama laýyklykda geçirmek üçin göz öňünde tutulan amallaryň sanawy bilen üpjün edilýär. 

1.6. Müşderiniň esaslandyryş resmi namalarynda göz öňünde tutulan işiniň görnüşlerine laýyklykda amala aşyrylýan amallar boýunça hasaplaşyklar bank hasabyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär. 

Nagt pul serişdelerini almagyň we olary ulanmagyň, şol sanda nagt girdejileriň ýerlerde ulanylmagynyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de bank bilen onuň müşderisiniň arasyndaky şertnama laýyklykda düzgünleşdirilýär.

1.7. Müşderiniň bank amalyny geçirmäge tabşyrygy, tabşyrykda görkezilen şahslaryň gollarynyň we möhüriň yzynyň (ol bar bolan ýagdaýynda) gol nusgalary we möhüriň yzy goýulan kartoçkadaky nusgalara gabat gelen ýagdaýynda güýji bardyr.

1.8. Bank hasabyndan tölegler, eger-de şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, bank tarapyndan şol hasapdaky galyndynyň çäklerinde amala aşyrylýar. 

1.9. Şertnama laýyklykda müşderä bank hasabyndan göçürmeler berilýär. 

1.10. Bank hasaby boýunça aktiw amallaryň togtadylmagy ýa-da bank hasabynda bar bolan pul serişdeleriniň tussag edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Bank hasaby boýunça aktiw amallaryň täzeden ýola goýulmagy, degişlilikde, bank hasaby boýunça aktiw amallary togtadan ygtyýarly guramalaryň ýazmaça habarnamalary ýa-da bank hasabynda bar bolan serişdeleri tussag etmek hakynda çözgüdiň ýatyrylandygy baradaky habarnamalary esasynda amala aşyrylýar.
Müşderiniň hasaby ýöretmek üçin zerur bolan resmi namalary tabşyrmagyna çenli (şol sanda möhüriň yzynyň bellenilen möhletde tabşyrylmagyna çenli), bank hasaby boýunça amallar bankyň ýolbaşçysynyň görkezmesi esasynda wagtlaýyn togtadylyp bilner, aşakdaky tölegler muňa girmeýär:
ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak, alimentleri tölemek boýunça; 
zähmet şertnamasy esasynda, zähmet borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly raýat-hukuk häsiýetli beýleki şertnamalar boýunça işleýän adamlara işden çykylanda berilýän hemaýat puluny we zähmet hakyny tölemek, şeýle hem awtorlyk şertnamasy boýunça hem-de işgärlere öwezini doluş pullaryny tölemek boýunça; 
döwlet pensiýalaryny we kömek pullaryny tölemek, şertnama boýunça hökmany döwlet durmuş ätiýaçlandyryşyna, meýletin pensiýa we saglyk ätiýaçlandyryşyna geçirmeler boýunça; 
hasabyň eýesine degişli emlägi girew goýmak bilen üpjün edilen, kreditorlaryň talaplarynyň öwezini dolmak boýunça;
döwlet býujetine;
hasabyň eýesine degişli emlägi girew goýmak bilen üpjün edilmedik, karzlar boýunça (olar boýunça göterimleri hem goşmak bilen) bergileri üzmeklige.

1.11. Bank hasabynyň ýapylmagy hasabyň eýesiniň arzasy boýunça we beýleki ýagdaýlarda, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 

1.12. Bank hasaplaryny hasaba almak üçin, bankda Hasaplary bellige alyş kitaby ýöredilýär. Hasaplary bellige alyş kitaby aýratynlykda, milli puldaky hasaplary hasaba almak üçin we daşary ýurt pulundaky hasaplary hasaba almak üçin ýöredilýär.

Kitap belgilenen, ýüp bilen daňylan we bankyň ýolbaşçysynyň hem-de baş buhgalteriniň gollary we möhüri bilen tassyklanan bolmalydyr. 
Hasaplary bellige alyş kitaby kagyz göterijilerde hem, elektron görnüşde hem ýöredilip bilner. Kitap elektron görnüşde ýöredilen ýagdaýynda, açylan, gaýtadan resmileşdirilen we ýapylan hasaplar baradaky maglumatlar her günde çap edilýär. Elektron kitabyň çap edilen sahypalary bankyň ýolbaşçysynyň we baş buhgalteriniň gollary bilen tassyklanylýar. Aýyň tamamlanmagy bilen, çap edilen sahypalar depder edilip çatylýar, bular öz gezeginde ýylyň tamamlanmagy boýunça, kagyz göterijidäki Hasaplary bellige alyş kitabyny ýöretmek üçin göz öňünde tutulan ähli talaplary berjaý etmek bilen, žurnal görnüşinde birleşdirilýär. 

1.13. Zerurlyk bolanda, hasaba hyzmat etmek üçin goşmaça maglumatlaryň we resmi namalaryň tabşyrylmagyny müşderiden soramaga bankyň hukugy bardyr.

1.14. Bank ýygymlarynyň alynmagy tassyklanan nyrhnamalara we bank hasabynyň şertnamasynyň şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.