1-nji bap. Umumy düzgünler

1-nji madda. Esasy düşünjeler
1. Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) affilirlenen şahs – degişli karz edarasynda çözgütleriň kabul edilmegine täsir edip bilýän fiziki şahs ýa-da başga ýuridik şahsda (karz edarasynda) paýly gatnaşýan ýa-da başga bähbidi bolan we şonuň esasynda onda çözgüt kabul edilmegine täsir edip bilýän ýuridik şahs (karz edarasy);
2) bank – fiziki we ýuridik şahslaryň pul serişdelerini çekmäge, olary gaýtarylmak, tölenilmek we möhletlilik şertlerinde öz adyndan we öz hasabyna ýerleşdirmäge, ýuridik we fiziki şahslaryň bank hasaplaryny açmaga we ýöretmäge, şeýle hem gaýry bank amallaryny amala aşyrmaga aýratyn hukuk berlen karz edarasy;
3) bank däl karz edarasy – bank amallarynyň, sanawy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýän aýry-aýry görnüşlerini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrmaga hukugy bolan karz edarasy;
4) bank işi –  karz edaralarynyň bank amallaryny we geleşiklerini amala aşyrmak boýunça işi; 
5) göterimiň bellenilen möçberi – karz edaralarynyň, öz geçirýän dürli görnüşdäki amallary boýunça belleýän göterimleriniň mukdar ölçegi;
6) karz edarasy – Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan berlen ygtyýarnamanyň esasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan bank amallarynyň ähli ýa-da aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmaga hukugy bolan we esasy maksady peýda almak bolup durýan ýuridik şahs (bank ýa-da bank däl karz edarasy);
7) korrespondent gatnaşyklary – karz edaralarynyň arasynda biri-biriniň tabşyrygy boýunça töleg-hasaplaşyk amallaryny amala aşyrmak maksady bilen ýola goýulýan şertnamalaýyn gatnaşyklar;
8) Türkmenistanyň bank ulgamy  – Türkmenistanyň Merkezi bankyny (birinji dereje) we karz edaralaryny, şol sanda daşary ýurt banklarynyň Türkmenistanda bellige alnan şahamçalaryny we wekilliklerini (ikinji dereje) özünde jemleýän iki derejeli ulgam.

2-nji madda. Türkmenistanyň bank işi hakynda
     kanunçylygy
1. Türkmenistanyň bank işi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, "Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda" Türkmenistanyň Kanunyndan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3-nji madda. Bank amallary we karz edaralarynyň
     başga geleşikleri
1. Bank amallaryna şular degişlidir:
1) fiziki we ýuridik şahslaryň pul serişdelerini goýumlara (depozitlere) çekmek;
2) çekilen serişdeleri öz adyndan we öz hasabyna gaýtarylmak, tölenilmek we möhletlilik şertlerinde, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşdirmek;
3) fiziki we ýuridik şahslaryň bank hasaplaryny, şol sanda gymmat bahaly metallardaky hasaplaryny açmak we ýöretmek;
4) gymmat bahaly metallary goýumlara (depozitlere) çekmek we ýerleşdirmek;
5) ýuridik we fiziki şahslaryň, şol sanda korrespondent – banklaryň hasaplaşyk we (ýa-da) kassa hyzmatlaryny amala aşyrmak;
6) fiziki şahslaryň tabşyrygy boýunça bank hasaplaryny açmazdan, pul serişdelerini geçirmegi amala aşyrmak;
7) nagt we nagt däl görnüşlerde daşary ýurt puluny satyn almak-satmak;
8) bank kepilliklerini bermek;
9) ýuridik we fiziki şahslar bilen şertnama boýunça pul serişdelerini we gaýry emlägi ynanyşykly dolandyrmak;
10) töleg-hasaplaşyk resminamalaryny inkassirlemek;
11) bankyň plastik kartlaryny dolanyşyga goýbermek we (ýa-da) ekwaýring;
12) gymmatly kagyzlar, maliýe gurallary, şol sanda başga maliýe amalyna esaslanýanlary  bilen amallar;
13) gaýry bank amallary.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen amallary geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda  Türkmenistanyň Merkezi bankynyň namalary we karz edarasynyň içki namalary bilen bellenilýär.
3. Karz edaralary şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan bank amallaryndan başga-da, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şu amallary we geleşikleri amala aşyrmaga haklydyr:
1) zamunlyklary bermek;
2) faktoring we forfeýting amallaryny geçirmek;
3) lizing amallary;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda gymmat bahaly metallary we (ýa-da) gymmat bahaly daşlary satyn almak-satmak;
5) ýuridik we fiziki şahslara resminamalary we gymmatlyklary saklamak üçin ýörite jaýlary ýa-da olarda duran seýfleri kärendesine bermek; 
6) maliýe agenti we maýa goýumlaryny dolandyryjy hökmünde hyzmatlary etmek;
7) maslahatçy ýa-da maliýe maslahatçysy hökmündäki hyzmatlary etmek;
8) maglumat beriş hyzmatlaryny etmek;
9) Türkmenistanyň kanunçylygyna çapraz gelmeýän gaýry amallar we geleşikler.
4. Ýygym hak-heşdekleriniň bellenilen möçberleri, bank hyzmatlaryny etmek üçin tarifler karz edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda özbaşdak bellenilýär.
5. Karz edaralaryna önümçilik, söwda (ýubileý, ýatlama we numizmatik teňňeleri ýerlemekden başga), ätiýaçlandyryş işi (bank amallary boýunça töwekgelçilikleri ätiýaçlandyrmakdan başga) bilen meşgullanmak gadagan edilýär.

4-nji madda. Karz edarasynyň gymmatly kagyzlar
     bazaryndaky işi
1. Karz edarasy gymmatly kagyzlary goýbermegi, satyn almagy, satmagy, hasaba almagy, saklamagy we olar bilen gaýry amallary amala aşyrmaga, şeýle hem ýuridik we fiziki şahslar bilen şertnama boýunça olary ynanyşykly dolandyrmagy amala aşyrmaga haklydyr.
2. Karz edarasynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gymmatly kagyzlar bazarynda professional işi amala aşyrmaga hukugy bardyr.
3. Karz edarasynyň öz paýnamalaryny girewine alyp karz bermäge, bank kepilligini ýa-da zamunlyk bermäge haky ýokdur.

5-nji madda. Karz edarasynyň döwlet bilen özara gatnaşyklary
1. Karz edarasy döwletiň borçnamalary boýunça jogapkär däldir we döwlet hem karz edarasynyň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär, olaryň şeýle borçnamalary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz üstüne alan halatlary muňa degişli däldir. 
2. Karz edaralary gündelik bank işi bilen baglanyşykly çözgütleri kabul edenlerinde döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryndan, ýerli häkimiýet edaralaryndan garaşsyzdyr.

6-njy madda. Karz edaralarynyň birleşikleri (assosiasiýalary)     
1. Karz edaralary öz agzalarynyň bähbitlerini goramak we olara wekilçilik etmek, olaryň işini utgaşdyrmak, halkara gatnaşyklaryny ösdürmek we karz edaralarynyň başga bilelikdäki wezipelerini çözmek üçin peýda almak maksatlaryny yzarlamaýan birleşikleri (assosiasiýalary) döredip bilerler.
Karz edaralarynyň birleşikleriniň (assosiasiýalarynyň) döredilmegi we bellige alynmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Karz edaralarynyň birleşiklerine (assosiasiýalaryna) bank amallaryny we geleşikleri amala aşyrmak gadagan edilýär.