1-nji bap. Umumy düzgünler

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
1.Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 
1) bergi borçnamasy –  resminamany saklaýja ýerine ýetirmek borçnamasy bolan bergi dolanyşyk resminamasy ýa-da oňa barabar bolan başga resminama;
2) gaýtadan maliýeleşdirmek – Türkmenistanda bellige alnan karz edaralaryny Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan karzlaşdyrmak ulgamy;
3) korrespondent banklar – Türkmenistanyň Merkezi bankynyň korrespondent gatnaşyklaryny bellän banklary; 
4) maliýe guraly – maliýe resminamasy bolup, onuň esasynda bir wagtyň özünde bir tarapdan maliýe aktiwi we beýleki tarapdan maliýe borçnamasy ýüze çykýar;
5) manady konwertirleme – Türkmenistanyň milli pulunyň daşary ýurt puluna çalşylmagy;
6) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň agenti – döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ýerli häkimiýet edaralarynda, kazyýetde we halkara guramalarynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bähbitlerine wekilçilik edýän fiziki ýa-da ýuridik şahs;
7) Türkmenistanyň pul belgileri – Türkmenistanyň Merkezi bankynyň banknotlary we şaýy puly. 
2. Şu Kanunda ähli beýleki düşünjeler Türkmenistanyň raýat we beýleki kanunçylygynda kesgitlenilen, şeýle hem şu Kanunyň degişli maddalaryndaky manylarda ulanylýar.

2-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de bank işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi banky
1. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň milli bankydyr.
2. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berýär.
3. Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy ýolbaşçylyk edýär.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygynyň orunbasarlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.  
4. Türkmenistanyň Merkezi banky öz çykdajylaryny öz girdejileriniň hasabyna amala aşyrýar.
5. Türkmenistanyň Merkezi banky şu Kanuna laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maýasyna we gaýry emlägine eýelik etmek, peýdalanmak we ygtyýar etmek boýunça ygtyýarlyklary amala aşyrýar. Eger şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň razylygy bolmazdan görkezilen emlägi almaga we borçnamalar bilen agyr ýagdaýa goýulmagyna ýol berilmeýär.
6. Türkmenistanyň Merkezi banky ýuridik şahs bolup durýar.
7. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we "Türkmenistanyň Merkezi banky" diýen ýazgy bolan möhri bardyr. 
8. Beýleki karz edaralarynyň atlarynda we nyşanynda "TMB" gysgaltmasynyň, şeýle hem "Merkezi" diýen sözüň ulanylmagyna ýol berilmeýär.
9. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şahamçalary, wekillikleri, kärhanalary, edaralary, guramalary döretmäge, Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň agentlerini  we korrespondent banklary kesgitlemäge haklydyr.
10. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň bankiri, geňeşçisi we fiskal agenti bolup durýar. 
11. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň (merkezi edarasynyň) ýerleşýän ýeri Aşgabat şäheridir.

4-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň namalary
1. Türkmenistanyň Merkezi banky şu Kanun bilen öz ygtyýaryna degişli edilen meseleler boýunça döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli häkimiýet edaralary, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän karz edaralary we olaryň müşderileri, beýleki fiziki we ýuridik şahslar üçin hökmany bolan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar.
2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.
3. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ulgamynyň işlemegini we karz edaralarynyň işiniň kadalaşdyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Merkezi banky beýleki namalary kabul edýär. 
4. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary zerur halatlarda ähli bellige alnan karz edaralaryna doly möçberde iberilýär.
5. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň gaýdymlaýyn güýji ýokdur.
6. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary  Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete şikaýat edilip bilner.
7. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çap edilýär we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi saýtynda ýerleşdirilýär.