Bank täzelikleri we makalalar

“Cash back – döwrebap bank hyzmaty”

10.07.2020

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda ähli ykdysady pudaklar bilen bir hatarda bank ulgamy hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Milli puluň hümmetini durnukly derejede saklamak, netijeli pul-karz syýasatyny alyp barmak, milli töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak, nagt däl hasaplaşyklary döwrebaplaşdyrmak babatynda möhüm işler durmuşa geçirilýär.

Nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly müşderilere täze sanly hyzmatlary hödürlemek, şeýle-de bank kartlaryny ulanmakda amatlyklary döretmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, Türkmenistanyň "Halkbank“ döwlet täjirçilik banky tarapyndan zähmet haky geçirilýän “Altyn asyr” bank kartlary arkaly peýdalanyp bolýan “Cash back” hyzmaty girizildi.

“Cash back” sözi iňlis dilinden terjime edilende “cash” – nagt pul, “back” – gaýtarmak, yzyna diýmegi, ýagny bu söz "puly yzyna gaýtarmak“ diýmekligi aňladýar. Has takygy, harytlara we hyzmatlara bank kartlary arkaly nagt däl görnüşinde töleg edilende harydyň ýa-da hyzmatyň bahasynyň belli bir derejedäki möçberini bank kartyna yzyna gaýtarylýan pul sylagydyr.

“Cash back” adalgasy Beýik Britaniýada döreýär hem-de ilkibaşda Beýik Britaniýada we ABŞ-da 1980-nji ýyllarda ulanylyp başlanýar. Bu hyzmat ösen ýurtlaryň köpüsinde giňden ýaýran. Dünýäniň dürli döwletlerinde “Cash back” hyzmaty diňe bank kartlarynda däl, eýsem söwda merkezleriň, internet-dükanlaryň ýörite kartlarynda hem ulanylýar. Dünýä tejribesinde “Cash back” hyzmatyndan peýdalanylanda bank kartyna gaýtarylýan pul möçberi dürli göterim derejelerde bellenilýär, adatça ol 1%-10% aralykda bolýar. “Cash back” hyzmaty Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň zähmet haky geçirilýän “Altyn asyr” bank kartlary arkaly nagt däl görnüşinde töleg terminallary arkaly hasaplaşyklar geçirilende kart saklaýjylaryna girdeji gazanmaga mümkinçilik berýär. Bank kartlary arkaly harytlary we hyzmatlary nagt däl görnüşinde satyn alan müşderilere ähli geçirilen amallaryň umumy bahasynyň 1,5 göterimi kartyna gaýdyp berilýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 01-nji maýyndan 30-njy iýunyna çenli biziň bankymyz “Cash back” hyzmatynyň göterimini 2% çenli ýokarlandyrdy. Bir aýyň dowamyndaky aýlyk kartyna gaýdyp gelen pul serişdeleri baradaky maglumat her aýyň 25-ine SMS arkaly müşderileriň ykjam telefonyna iberilýär. Şeýle hyzmatyň girizilmegi bilen, müşderilerde nagt däl görnüşinde söwda etmäge höwes döreýär, karz edaralaryň özaralarynda bäsdeşlik güýçlenýär we netijede hödürlenýän bank hyzmatlarynyň hili ýokarlanýar.

“Cash back” hyzmatynyň müşderiler üçin amatly taraplary:

  1. Nagt däl hasaplaşyklardan peýdalanylýandygy sebäpli, ýanyňda nagt pul serişdelerini götermek zerurlugy aradan aýrylýar;
  2. Harytlara we hyzmatlara töleg edilende olaryň bahasynyň belli göterimi yzyna gaýdyp gelýär we müşderilere girdeji gazanmaga mümkinçilik döreýär;
  3. Harytlar we hyzmatlar üçin nagt däl görnüşinde hasaplaşylýandygy sebäpli, ýygymsyz tölegleriň geçirilmegi bilen bank kartyndaky pul serişdeleri tygşytlanýar.

Amatly, çalt we ygtybarly hyzmat etmäge gönükdirilen innowasion tehnologiýalarynyň, kämil bank hyzmatlarynyň hödürlenmegi ilatyň ösen talaplaryny kanagatlandyrmaga, olaryň ynamyny has-da ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşýar.

Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!


Maýa Mollaýewa,

Türkmenistanyň "Halkbank“ döwlet täjirçilik

bankynyň Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet

müdirliginiň başlygynyň w.w.ý.ý